Şu günlerde iýilmegi maslahat berilýän miwedir gök önümler

Howanyň salkyn günlerinde saçagyňyzda sary, gyzyl, ýaşyl we narynç reňkli miwedir gök önümleriň bolmalydygyny unutmaň!

Dogry iýmitlenmek bedeniňi berkidip, birnäçe keselleriň döremeginiň öňüni alýar.Munuň üçin güýz paslynyň dowam edýän şu günlerinde dürli reňkli gök önümleri has köp iýmek maslahat berilýär.Güýz paslynda üzümiň dürli görnüşleri, injir, alma, nar, armyt, mandarin, pyrtykal, greýpfrut, banan, beýi, hurma ýaly miweler bol bolýar. Şeýle hem ak we gyzyl kelem, ysmanak, şalgam, şugundyr, ak turp, gara turp, käşir, kädi, pomidor, badamjan ýaly bakja ekinleri bilen bir hatarda dürli görnüşli otlar köp bolýar.

Dünýäde iň köp hasyly alynýan we sarp edilýän miweleriň biri bolan almany terligine iýmek has peýdalydyr. Almanyň ýürek-damar keselleriniň we beýleki käbir keselleriň öňüni alýandygy bellenilýär.

Ýag we proteinlere baý bolan miweleriň biri hem hurma hasaplanýar. Bu miwäniň düzüminde natriý, kaliý, kalsiý, magniý, demir, kükürt, fosfor we hlor ýaly peýdaly maddalar bolýar. Şeýle hem, hurmada A, B1, B2, B3 we B6 witaminleri bar. Hurmanyň sowuklama haýrynyň bardygy bellenilýär.

Sitrus önümleriniň biri hasaplanýan greýpfrut C witaminine örän baýdyr. Şol sebäpli bu miwe adam bedenini berkitmäge ýardam edýär. Pyrtykala garanyňda has ýiti tagamy bolýan bu miwe işdäaçarlara hem goşulýar. A witamini, kaliý, B5 witamini ýaly maddalara baý bolan bu miwäniň holesterini azaldyjy häsiýeti bar.

Armydyň düzüminde fosforyň we B witamininiň bolmagy ýadawlygy aýyrmaga ýardam edip, miwe bedendäki holesterini kadaly saklaýar.

Beýleki sitrus önümlerinde bolşy ýaly mandarin hem C witaminine we beta-karotene baý bolýar. Düzüminde köp mukdarda kaliniň bolmagy gan basyşyny kadalaşdyrmaga ýardam edýär.

Beýleki birnäçe gök önümlerden gyşa durujylygy has ýokary bolan kädi A, B, C, E we K witaminlerine, demre we marganese hem baýdyr. Kädiden diňe nahar däl, eýsem, süýjülik taýýarlanyp iýilse hem peýdalydyr.

Käşiriň düzümindäki A witamini göz üçin örän peýdalydyr. Beta-karoten bolsa, bedeniň kesellere garşy durujylyk ukybyny artdyrýar. Şeýle hem, käşiriň düzümindäki maddalar gany arassalap, gan aýlanyş ulgamyny kadalaşdyrýar.

Ysmanagyň düzüminde A, C, E, K witaminleri bilen bir hatarda köp mukdarda kaliý, natriý, kalsiý, mis, demir, magniý, sink minerallar bolýar.

Öweznepes Orazgeldiýew, Myrat Garryýew adyndaky

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Bitaraplyk bagtyň baky bahary atly sergi geçiriler
Aşgabatda Bitaraplyk bagtyň baky bahary atly sergi geçiriler
Güýzde iň peýdaly gök önümler agzaldy
Göz basynjynda tebigy bejergi usullary
Gurban baýramynyň ýakynlaşmagy bilen bahalar ýokarlanýar
Türkmenistandaky dükanlaryň eýelerine azyk bahalarynyň “maslahat berilýän” sanawyny paýladylar