Türkmenistandaky dükanlaryň eýelerine azyk bahalarynyň “maslahat berilýän” sanawyny paýladylar

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň eleýeterli bahadan azyk bolçulygyny üpjün etmek baradaky buýrugyny berjaý etmäge synanyşyp, Aşgabadyň häkimiýetleri döwlet dükanlarynyň dolandyryjylaryna, hususy dükanlaryň eýelerine, şeýle-de bazarlardaky satyjylara azyk bahalarynyň “maslahat berilýän” sanawyny paýladylar.

Dükanlarda we bazarlarda nobatçylyk edýän polisiýa işgärleri satyjylaryň nyrhlary ýokarlandyrmazlygyna berk gözegçilik edýärler.

Satjylary azyk önümlerine zyýana galyp satmaly bolýandyklaryndan şikaýat edýärler. Bu ýagdaý käbir dükanlaryň tekjelerinden defisist import harytlaryň unuň, mesge we ösümlik ýaglarynyň, ýumurtganyň ýitirim bolmagyna getirdi.

Şeýle-de satyjylardan ýerli önümçiligiň harytlaryny satmagy talap edýärler, sebäbi bu telereportažlarda we ýerli gazetlerde importuň ornuny tutýan önümleri öndürmek baradaky programmanyň nähili üstünlkli bolandygy hakynda gürrüň bermäge mümkinçilik berjek.

Türkmenistanyň Söwda ministrliginiň saýty eýýäm bahalaryň durnuklylygynyň gazanylandygyny we bazarlaryň harytlar bilen doly üpjün edilendigini habar hem berdi.

“Türkmenistanyň Hronikasyna” dükanlara maslahat berilýän bahalaryň sanawyny ele salmak başartdy (ýaý içinde ozalky bazar bahalary görkezilýär):

Sygyr we goýun eti kilogramy 18 manat (40 manat);

Hindi guşunyň eti kilogramy 14 manat;

Towuk läşi kilogramy 13 manat (ozal hem şu hili baha bardy, emma satmak adam başyna 1 towuga çenli çäklendirilendi):

Towuk butlary kilogramy 8 manat (ozal hem şu hili baha bardy, häzirki pursatda çäklendirmezden satylýar);

Ýumurtga onusy 3,30 manat (gyt, onusy 7 manat, eger tapsaň we nobatyň ýetse);

Täze balyk kilogramy 12 manat (gyt, diňe kilogramy 35 manatdan som balyk tapylýar);

Süzmeа kilogramy 7 manat;

Gaýmak litri 12 manat;

Tworog 10 manat (18-20 manat);

Syr (brynza) 16 manat;

Mesge ýagy kilogramy 14 manat (gyt, import edilen ýagyň kilogramy 100-120 (!) manat);

Pagta çigidiniň ýagy litri 3,40 manat;

Günebakar çigidiniň ýagy litri 9 manat (15 manat);

Tüwi kilogramy 5 manat (12-15 manat);

Mäş kilogramy 4,50 manat (6-7 manat);

Noýba kilogramy 6 manat (15-20 manat);

Greçka kilogramy 7 manat (8-10 manat);

Gök çaý kilogramy 10 manat (dürli sortlary 15-80 manat);

Şeker kilogramy 3,20 manat (7-10 manat);

Ýer almasy kilogramy 2,50 manat (6-7 manat);

Sogan kilogramy 2 manat (3 manat);

Kelem kilogramy 2 manat;

Käşir kilogramy 1,50 manat;

Kädi kilogramy 2 manat;

Şugundyr kilogramy 1,30 manat;

Hyýar kilogramy 6 manat;

Pomidor kilogramy 6 manat;

Gök otlar (dürli görnüşleri) kilogramy 6 manat;

Sarymsak kilogramy 8 manat;

Alma kilogramy 5 manat;

Limon biri 1 manat (2-3 manat);

Banan kilogramy 6 manat;

Bal litri 20 manat (40-50 manat);

Tomat pastasy kilogramy 2,7 manat;

Grek hozy (arassalanan) kilogramy 16 manat (80 manat);

Kakadylan miweler kilogramy 15 manat (40-100 manat);

Süýji içgiler çüýşesi 3,20 manat.

Ýene degişli makalalar

Güýzde iň peýdaly gök önümler agzaldy
Böwrek saglygy üçin peýdaly maglumatlar
Öýken üçin peýdaly azyklar….
Gubuzlyk üçin tebigy çözgüt teklipleri
Türkmenistanda 2018-nji ýylyň üçünji çärýeginde azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalarynyň üýtgeýşine syn
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary