Ýürek saglygy üçin peýdaly azyklar

Ýürek saglygy üçin peýdaly azyklar

Gepleşigimiziň bu sanynda Ýürek saglygy üçin peýdaly azyklar hakynda maglumat bermek isleýäris.

Sarymsak

Güýçli antioksident bolan sarymsak, düzümindäki element arkaly damar dykylmagynyň öňüni almakda, gan basyşy bilen ganyň düzümindäki ýaglaryň azalmagyny üpjün edýär. Holesterolyň damarlara zyýan ýetirmeginiň öňüni alýar. Günde bir diş sarymsak iýmeklik ýeterlikdir. Emma gany suwklandyryjy, basynç ýa-da lipit azaldyjy dermanlary ulanýan bolsaňyz, sarymsak sarp etmegi çäklendiriň.

Süle

Düzümindäki ýokary belok mukdarynyň ýany bilen B1, demir, sink, fosfor, magneziý arkaly ýürek keselleriniň öňüni almak üçin peýdaly. Geçirilen barlaglarda kadaly ýagdaýda günde 25 gram sarp etmegiň ýürek keselleriniň ýüze çykma howpuny azaldýandygy kesgitlendi.

Keteni tohumy

Düzüminde ýag kislotalary, potasiý, E witamini we omega-3 ýagy bardyr. Şonuň saýasynda ýürek kesellerinden goraýyjy özbolyşlyga eýedir. Günde bir çorba çemçesi keteni tohumyny gatyk, çorba ýaly azyklara goşup, iýmek maslahat berilýär.

Arpa

Uglewoda baý bolan arpanyň düzüminde B6 witamini, demir, sink bardyr. Holesterolyň aşak düşürilmegi üçin peýdalydyr.

Banan

Düzümindäki potasiý sebäpli mineral taýdan baýdyr. Gan basynjy ýokary bolanlar we holesteroldan ejir çekýänler üçin peýdalydyr.

Şugundyr

Düzüminde ýokary mukdarda potasiý we foli kislotasy bolan şugundyr, bakja önümleriniň arasynda tebigy şekeriň iň ýokary mukdarda bolan önümdir.

Garpyz

Garpyzyň düzümindäki elementler ganyň akyşyny kadalaşdyrýar we ýürek saglygyny güýçlendirýar.

Funduk, hoz we badam

Bedenimizdäki holesteroly kadalaşdyrýar, ganyň goýulaşmagynyň öňüni alýar, trigliseridiň aşaklamagyny üpjün edýär.

Günde 2-3 hoz, 8-10 sany çig badam ýa-da funduk iýmek maslahat berilýär. Omega 3 we E witamini bilen magneziý bilen hoz, badam we funduk ganyň düzümindäki zyýanly holesterolyň aşaklamagyny üpjün edýär.

Brokoli

Düzümindäki B witamini we folik kislota bilen stresse, gaýgy-alada, panika we depressiýa peýdalydygy kesgitlenendir.

Gyzyl tokaý miweleri

Böwürslen, malina, klýukwa, çernika, ýertudanasy ýaly tokaý miweleri pes mukdardaky kaloriýalary, ýokary süým düzümleri, selen we polifenol ýaly güýçli antrioksident madallary özünde jemlemekleri taýdan köp sanly hroniki keselleriň ýüze çykma howpuny ortadan aýyrýar.

Kömelek

Kömelek, agyryny aýyryjy we antioksident özbolyşlyklary saýasynda ýürek üçin iňňän peýdalydyr.

Pomidor

Pomidor, düzümindäki likopen arkaly ýürek-damar keselleriniň öňüni almak we infarkt howpuny azaltmak, ganyň düzümindäki holesteroly kadalaşdyrmak üçin peýdalydyr. Pomidory çigligine ýa-da bişirip iýmek maslahat berilýär.

Ysmanak

Düzüminde kaliý we polisaharidleriň mukdary ýokary bolan ysmanak ganyň basyşyny kadalaşdyrýar, holesteroly azaldýar, ýürek myşsalarynyň kadaly işlemegini üpjün edýär. Semzek we brokoli ýaly bakja önümleri hem ýürege dostdyr.

Alma

Günde bir alma iýmek zyýanly holesteroly azaldyp, ýürek kesellerine ýolukma howpuny aşakladýar.

Fasol, nohut, merjimek

Kösükliler düzümindäki polisaharidler arkaly zyýanly holesterolyň derejesini azaltmak üçin peýdalydyr.

Gök çaý

Düzümindäki elementler bilen; infraktyň esasy sebäpkäri bolan ganyň goýulaşmagynyň öňüni alýar, holesteroly azaldýar. Günde 1-2 çaşka içmek maslahat berilýär. Böwrek keseli bolanlar gök çaýy lukmana geňeşmän içmesinler.

Zeýtun ýagy

Ýürek we damar kesellerinden goraýar, zyýanly holesteroly azaldýar. Her gün 2-3 nahar çemçesinden köp ulanmaň.

Balyk

Balyk, ýürek-damar keselleriniň öňüni alýar, zyýanly holesteroly azaldyp, peýdaly holesteroly artdyrýar, ýüregiň urşuny kadalaşdurýar. Balygy gowurmaň, yzgarada bişiriň.

Ýene degişli makalalar

Öýken üçin peýdaly azyklar….
Tomus içimlikleri
Aşgabatda käbir azyk önümleri arzanlaýar, käşir tapdyrmaýar
Ýürek üçin peýdaly iýmitler we hoşboý ysly ösümlikler
Ýürek üçin peýdaly iýmitler we hoşboý ysly ösümlikler
Aşgabatda lebaply suratkeşleriň toparlaýyn sergisi açyldy