Tomus içimlikleri

Howanyň yssy günlerinde adam bedeniniň suwuklyga bolan islegi has-da artýar.Köpimiz suwsuzlygymyzy gandyrmak üçin gazlandyrylan ýa-da reňkli içimlikleri gowy görýäris.Emma munuň zyýanly taraplaryny hem göz öňünde tutmaly.

Sebäbi gazlandyrylan ýa-da reňkli içimlikleriň köp içilmegi agramyň ýokarlanmagyna we aşgazan bilen bagly keselleriň döremegine getirip biler. Şonuň üçin tebigy içimlikleri saýlaň!Bu içimlikleri siz öý aşhanasynda gysga wagtda taýýarlap bilersiňiz.

Şetdaly çaýy. Orta ululykdaky 2 sany şetdalyny ýarym käse kişmiş bilen bilelikde 2 bulgur suwda gaýnatmaly.Taýýar bolan goýy suwuklygy süzgüçde süzüp, üstüne 1 bulgur çaý we 4 bulgur suw guýmaly.

Az salym sowadyjyda saklanandan soň şetdaly çaýyny içip bilersiňiz.Bu içimlik witaminlere we minerallara baý bolup, deri, göz we ganazlyk üçin peýdaly. Şeýle hem ýürek-damar ulgamyny berkidip, aşgazan-içege ýetmezçilikleriniň öňüni almaga ýardam edýär. Şetdaly demre baý miweleriň biridir.

Süýtli ýertudana. 5-6 sany ýertudanany blenderde ýarym bulgur bişirilen süýt bilen garmaly. Taýýar bolan goýaltma 1 bulgur doňdurma goşup, mazaly garmaly. Islege görä oňa dalçyn hem goşup bilersiňiz. C witamine baý bolan ýertudana holesteriniň derejesini peseldýär. Şeýle hem ýürek-damar ýetmezçiliginiň öňüni almaga ýardam edýär.

Pomidor şireli mineral suw. Täze sykylan pomidor şiresine mineral suw hem-de narpyz goşup, lezzetli içimlik taýýarlaň! Pomidor A, C, E witaminlere we foliý turşusyna baý gök önümleriň biridir. Pomidor nerw ulgamyny kadalaşdyrmakda, ýürek keselleriniň öňüni almakda peýdalydyr. Şeýle hem Gün şöhlesinden derini goramaga hem-de bedeniň garramagyny gijikdirmäge ýardam edýär.

Şekersiz limonad. 4 sany limony miwe sykyjysyndan geçirip, üstüne 1 nahar çemçe bal hem-de 4 bulgur suw goşmaly. Mazaly garylandan soň, sowadyjyda birki sagat goýmaly. Bu içimlik köp mukdarda C witaminini we antioksidantlary özünde jemleýär. Şekersiz limonad yssy howada iň gowy içimlikleriň biridir.

Garpyzly limonad. Miwe sykyjysyndan geçirilen 2 sany limona 1 nahar çemçesi bal hem-de islege görä garpyz guýup, blenderden geçirmeli. Taýýar bolan içimligi süzgüçden geçirip, üstüne 3-4 bulgur sowuk suw goşup garyşdyrmaly. A witamininiň tebigy çeşmesi bolan garpyz göz üçin peýdaly bolup, immuniteti güýçlendirýär.

Hyýarly aýran. Tomus paslynda iň lezzetli içimlikleriň biri hem hyýarly aýrandyr. 2 sany hyýary ownuk dogramaly ýa-da blenderden geçirmeli. Üstüne aýran guýup, islege görä gök önümlerdir, reýhan ýa-da narpyz bilen bilelikde içip bilersiňiz.

Başga bir usulda aýran däl-de, gatyk goşup hem taýýarlap bilersiňiz.Hyýarly aýrany naharyň ýany bilen hem içmek mümkin. 96 göterimi suwdan ybarat bolan hyýar C witamine we antioksidantlara baý gök önümdir.

Hyýar suwuklyga bolan islegi kanagatlandyrmak bilen bir hatarda, immuniteti güýçlendirýär.

Dalçynly gök çaý. Gök çaý tomus paslynda iň köp içilýän içimlikleriň biridir. Gök çaý demlenende oňa dalçyn taýajyklaryny hem goşup bilersiňiz. Dalçynly gök çaýy gyzgynlygyna däl-de, sowandan soň içseňiz has lezzetli bolar. Dalçyn gan basyşyny kadaly saklamaga, şeýle hem ýokançlyklara we bakteriýalara garşy göreşmäge kömek edýär.

Sowuk kofe. Demlenen kofeni buz gutularyna guýup, sowadyjyda doňdurmaly. Soňra süýt bilen kofeli buz bölejiklerini garyşdyrmaly. Islege görä bu sowuk içimlige dalçyn hem goşup bilersiňiz. Bu içimlik kofe söýüjileriň iň halaýan içimlikleriniň biridir.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda käbir azyk önümleri arzanlaýar, käşir tapdyrmaýar
Ýürek saglygy üçin peýdaly azyklar
Reflýuks
Ýadyň güýçlenmegi üçin tebigy maslahatlar…
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Ýürek üçin peýdaly iýmitler we hoşboý ysly ösümlikler