Aşgabatda käbir azyk önümleri arzanlaýar, käşir tapdyrmaýar

Aşgabatda käbir azyk önümleri arzanlaýar, käşir tapdyrmaýar

Türkmenistanda täze bakja önümleriniň ýetişip başlamagy bilen, sebitleriň, şol sanda paýtagtyň bazarlarynda degişlilikde gymmat hasaplanýan azyklaryň, gök-miweleriň bahalary hem az-owlak arzanlaýar.

Muňa garamazdan, soňky hepdeden bäri paýtagtda käşir asla tapdyrmaýar. Palawyň düzümindäki esasy azygyň ýitmegi Gurban baýramynyň ýetip gelmegi, şeýle-de täze Arkadag şäherini açmak çäresine görülýän taýýarlyklar, munuň bilen bagly berilýän sadakalar bilen baglanyşdyrylýar.

Paýtagtyň bazarlarynda ozal 30 manatdan bahalanan ösümlik ýagynyň 1 litri geçen aý 24 manada düşen bolsa, häzir ol 21 manatdan satylýar. Soganyň 1 kilogramy mundan iki aý ozalam 12 manatdan bahalanan bolsa, häzir ol ozalky nyrhyndan tas ýarpy esse bahadan satylýar.

Habarçymyz käbir beýleki azyklaryň hem bu günki bahalaryny öwrenip, olaryň hem käbiriniň belli bir dereje arzanlandygyny synlady. Paýtagtyň bazarlarynda:

Hyýaryň 1 kg 5 manatdan,

Pomidoryň 1 kg 4,80 manatdan,

Kartoşkanyň 1 kg 4,50 manatdan,

Garpyzyň 1 kg 1,60 manatdan satylýar.

Muňa garamazdan, sebitlerlerde, paýtagtda çörek gytçylygy henizem aradan aýrylmaýar.

Aşgabadyň döwlet dükanlarynda adam başynda üçden artyk berilmeýän çöregi satyn almak üçin, raýatlar daňdan sagat 4-de eýýäm nobat tutup başlaýarlar.

“Döwlet dükanlary çöregi ir sagat 5:30-de goýberip başlaýarlar. Bu nobatlary gizlemek maksady bilen edilýär. Aşgabada çörek almak üçin golaý-goltumdaky sebitleriň, şol sanda Herrikgalanyň, Ýasmansalygyň, Gökdepäniň dagy ýaşaýjylary hem gelýärler. Elbetde çäkli goýberilýän çörek nobatda duranlaryň ählisine ýetmän gutarýar” diýip, bu ýagdaýlary tas her gün başdan geçirýän ýerli ýaşaýjylaryň biri habarçymyza gürrüň berdi.

Bazarlarda tomus aýlary ýetişýän käbir bakja önümleriniň bahalary arzanlasa-da, geçen hepdeden bäri paýtagtyň söwda nokatlarynda käşir tapdyrmaýar.

“Türkmenlerde her penşenbe güni agşam, yrym edip palaw bişirilýär we öten-geçenlere doga-dileg edilýär.Emma geçen hepde Aşgabadyň döwlete degişli dükanlarynda, hususy söwdagärlerinde hem käşir tapdyrmady.

Käşir ýek-tük söwdagäriň öňünde bolsa-da, onuň hili gaty ýaramazdy, iýmite ýarawsyzdy.Biz soňra käşiri söwda merkezinden gaýybana sargamagy karar etdik. Ýöne bazarlarda käşiriň 1 kg 8-10 manat aralygynda bahalanan bolsa, sargap getirden 2 kilogram käşirimiziň nyrhy 40 manatdan hem aşdy” diýip, habarçymyzyň söhbetdeşi belledi.

Käşiriň paýtagtyň söwda tekjelerinden birdenkä ýitirim bolmagynyň sebäpleri barada anyk maglumat ýok. Ýöne habarçymyz bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan gümrük işgäri, Eýrandan getirilen käşiriň ammarlarda köpdügini, emma olaryň satuwa çykarylman saklanýandygyny gürrüň berdi.

Ol munuň sebäbiniň özüne hem mälim däldigini belledi. Azatlyk bu aýdylanlar barada Gümrük gullugyndan, galyberse-de Aşgabadyň söwda merkezlerinden goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Habarçymyzyň söhbetdeşleriniň käbiri käşiriň satuwa çykarylmazlygynyň sebäbini 29-njy iýunda belleniljek Gurban baýramy, şeýle-de şol gün Ahalda açylmaly täze “Arkadag” şäheriniň dabaralarynda, munuň bilen bagly beriljek sadakalarda ulanar ýaly, ýörite saklanýandygyny belledi.

Türkmenistanda azyk krizisi, şol sanda un we çörek gytçylygy 2017-nji ýylyň aýagyndan bäri saklanýar.

Türkmen hökümeti ilatyň azyk howpsuzlygyny üpjün edýändigini aýdyp, azyk krizisini boýun almaýar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Tomus içimlikleri
Ýürek saglygy üçin peýdaly azyklar
Aşgabadyň bazarlarynda resmi bahalar bilen bilelikde nyrh durnuksyzlygy saklanýar
"Döwlet dükanlary boş". Türkmenistan ilatynyň iýmit hukugyny berjaý etmeýär
Aşgabatda lebaply suratkeşleriň toparlaýyn sergisi açyldy