Öýken üçin peýdaly azyklar….

Öýken üçin peýdaly azyklar….

Öýken sagdynlygyna peýdaly azyklar haýsylary?

Alma

Antioksident mukdarynyň ýokary bolmagy sebäpli alma, öýken üçin peýdalydyr. Geçirilen barlaglara görä hepdede 5 we şondan köp alma iýýän adamlaryň öýken funksiýasy has ýokarydyr.

Banan

Düzümindäki kaliý sebäpli bananyň hem öýkene peýdalydygy anyklanandyr.

Çernika

Öýkeniň dokumasyny daşarky zyýanlardan goraýan maddalary özünde jemleýän çernika miwesi, öýkeni hem goraýar.

Ýer tudanasy we malina

Düzümindäki S witamininiň saýasynda ýer tudanasy we malina hem öýken üçin peýdaly miweleriň sanawynda durýar.

Gyzyl kelem

Gyzyl kelem hem umumy saglyk hem-de öýkeniň sagdynlygy üçin peýdalydyr. Hem düzümindäki elementler hem-de süýmli gurluşy öýkeniň funksiýasyny güýçlendirýär.

Pomidor

Öýken üçin peýdalydygy bilinýän likopen atly madda pomidoryň düzüminde bolýar. Pomidor iýmek öýkeniň funksiýalarynyň peselmeginiň öňüni alýar we ony güýçlendirýär.

Gyzyl burç

Düzüminde ýokary mukdarda S witamini bolan burç, esasanda çilim çekýän admalar tarapyndan sarp edilmeli.

Zenjebil we zerdeçal

Antioksident we çişäniň öňübi almak üçin peýdaly maddalary özünde jemleýändigi üçin zenjebil we zerdeçal hem öýkene peýdalydyr.

Şugundyr

Gan damarlaryny giňeldip, kislorodyň alynmagyny ýeňilleşdirýän nitrat şugundyryň düzüminde ýokary mukdar bolýar.

Sarymsak

İl arasynda tebigy antibiotik atlandyryluýan sarymsak, düzümindäki alisin maddasi arkaly Iöýkeni gorap, arassalaýar.

Gatyk

Kaliý, kalsiý, fosfor we selen taýdan düzümi baý bolan gatyk hem öýkene peýdaly azyklardan biridir.

Zeýtun ýagy

Hem çişi aýyryjy hem-de antioksident taýdan güýçli bolan zeýtun ýagy, düzümindaäki E witamini bilen esasanda öýken keselleriniň bejergisinde peýdalydyr.

Kädi

Kädi alfa we beta karoten taýdan güýçli we öýkene peýdaly azyklardan biridir.

Kofe

Her gün bir çaşka kofe içip, kofäniň düzümindäki kafein hem-de antioksidentleriň saýasynda öýkeniň sagdynlygyna goldaw berip bilersiňiz.

Gök çaý

Düzüminde katekin elementi bolan gök çaý, yzgiderli içilende öýkebde dokuma gatamasynyň öňüni alýar.

Öýkene zyýanly azyklar we maddalar haýsylardyr?

Çilim we temmäki önümleri:

Öýkene zyýanlydygy anyklanan esasy madda şübhesiz çilimdir. Uzak dowam eden çilime garaşlylyk hroniki bronhide we bejergi alynman halatynda bolsa KOAH hassalygyna sebäp bolýar. Şol sebäpli çilim, öýkeniň esasy duşmanydyr.

Çeňňek suwundan giňden peýdalanmak saglygyňyz üçin zyýanlydyr. Ol demgysma keseline sebäp bolýar. Öýde arassaçylyk edilýärkä sabynlary biri birine garmaly däk, eger mümkin bolsa maska geýinmeli. Şeýlelikde zyýanly himikatlaryň öýkeniňize barmagynyň öňüni alarsyňyz.

Asbest:

Häzirki wagtda ulanylmaýan hem bolsa, geçmişde ulanylan we häzirki wagtda käbir gämilerde, binalarda bar bolan asbest öýkeniň esasy duşmanlaryndan biridir.

Öýkeniň sagdynlygy üçin peýdaly bolan endikler

· Sagdyn iýmitlenmek: Öýken üçin peýdaly azyklary sarp edip, öýkeni goramak mümkin.

· Kadaly maşk etmek: Kadaly maşk etmek öýkeni güýçlendirýar.

· Kadaly uklamak: Uky diňe bir öýken üçin däl, ömür boýy ýokary hili uky sagdyn ýaşamak üçin möhümdir.

· Ýapyk ýerlerde köp wagt geçirmezlik: Ýapyk ýerlerde artykmaç wagt geçirmek öýkenlere gerek bolan arassa howa elýeterliligi azaldýar we birnäçe wagt soň şol bir ýerdäki adamlaryň arasynda ýokanç keselleriň ýaýramagyna sebäp bolýar.

· Maska geýinmek: Biynjalyk bolan ýerleriňizde hökmany suratda maska geýiniň we ol ýeri mümkin gadar howalandyryň.

· Stressden daş durmak: ýokary stressde ýaşaýan adamlarda ýürek we öýken zyýan görýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistandaky dükanlaryň eýelerine azyk bahalarynyň “maslahat berilýän” sanawyny paýladylar
Ýadyň güýçlüligini gorap saklamagyň tebigy ýollary
Aň hem ýat üçin iň peýdaly önümler haýsylar?
Güýzde iň peýdaly gök önümler agzaldy
Göz basynjynda tebigy bejergi usullary
Gurban baýramynyň ýakynlaşmagy bilen bahalar ýokarlanýar