Türkmenistanda 2018-nji ýylyň üçünji çärýeginde azyk önümleriniň we beýleki harytlaryň bahalarynyň üýtgeýşine syn

“Türkmenistanyň Hronikasy” Aşgabadyň bazarlarynda azyk önümleriniň we beýleki käbir harytlaryň bahalarynyň üýtgeşini synlamagy dowam etdirýär.

Gynansak-da, käbir sebäplere görä, 2018-nji ýylyň üçünji kwartalynyň (iýul-sentýabr) syny biraz gijikdi, syndaky görkezijiler eýýäm şu günki güne gabat gelmeýär.Emma material statistiki maglumatlary düzmek we Türkmenistanyň ilatynyň alyjylyk ukybynyň depginini yzarlamak üçin möhüm bolup durýar. 2018-nji ýylyň dördünji kwartalynyň bahalaryna we olaryň üýgteýiş deginlerine syn indiki ýylyň ýanwarynda çap ediler.

Üçünji kwartalda bahalaryň ýokarlanyşy biraz haçýallady, käbir aýratyn alnan harytlaryň bahalary bolsa hatda arzanlady hem. Bu ýerdäki esasy faktor belki-de möwsüm (miweler we gök-bakja önümleri üçin) hem-de dollaryň “gara bazardaky” nyrhynyň ýagdaýy (ýylyň başyndan bäri 25-30 manatdan 18-20 manada çenli aşak düşdi) bilen baglydyr.

Gök önümler

Getirilen grafikden görnüşi ýaly, gök önümleriň bahalary awgustyň aýagyna çenli görnetin peseldi. Emma sentýabryň başynda eýene ýokaryk galmaga başlady.

Ýer almasynyň bahasy 2.40-dan 5.20 manada (+116%) galdy. 20 ortaça baha. Nyrhlar 3.80-den 6.60 manat aralygynda dürl-dürli. 2017-nji ýylyň gyşynda ýer almasynyň bahasy 3.50 manat boldy.

Hyýar we pomidor 3.00 we 2.00 manatdan 4.00 we degişlilikde 8.50 manada çenli galdy (+33% we +325%)

Badamjan 1.40-dan 1.60 (+14%) manada çykdy.

Bolgar burçy3.40-dan 2.50-ä (-26%) çenli arzanlady.

Şugundyryň bahasy 2.20-den 2.00-a (-9%) düşdi.

Käşir 2.00-dan 2.50-ä (+25%) galdy.

Miweler

Import miweleriň bahasy, ýylyň birinji ýarymynda 120 prosente çenli kesgin gymmatlan bolsa, indi 67% aşak gaçdy. Üçünji kwartalda import bananlary, almalary, armytlary döwlet dükanlarynda arzan bahadan kilogramyny 6-8 manatdan satdylar. Hususy dükanlarda banan eýýäm 10 manatdan, almalar 10-12 manatdan satylýar.

Bananlar 29.00-dan 8.00 manada(-72%) çenli arzanlady.

Gyzyl we gök almalar (import) 33.00-46.00-dan 8.00 12.00 (-75% и -74%) manada çenli arzanlady.

Apelsinler 19.00-dan 21.00-a (+10%) galdy.

Mandarinler 52.00-dan 10.50-ä (-80%) çenli arzanlady.

Kiwi 60.00-dan 12.00-a (-80%) düşdi.

Konserwa önümleri

Konserwalaryň bahalary soňky üç aýda 13% ýokarlandy.

Konserwirlenen ananas Rita 18.00-dan 24.00 manada (+33%) çykdy

Gök nohut Rita 11.60-dan 12.00 manada (+3.5%) çykdy

Mekgejöwen Rita 13.00-dan 14.00-a (+7.7%) galdy

Zeýtun Makareno 11.00-dan 18.00-a (+63.5%) çykdy

Şapionion kömelegi Rita 17.00-dan 22.00-a (+29%) çykdy

Syr

Eger birinji ýarym ýylda syr 90% gymmatlan bolsa, üçünji kwartalda bahalar 25% arzanlady.

Gouda we Edamer 78.00-dan 70.00 manada (-10%) düşdi

Syrnaýa dinastiýa 199.00-dan 138.00-a (-30.6%) arzanlady

Rossiýskiý syr 199.00-dan 132.00-a (-33.6) arzanlady

Viola syry 150gr. 13.00-dan 14.00-a (+7.7%) galdy

Ýag

Ýagyň bahasy birinji ýarym ýylda ortaça 18% gymmatlady, emma üçünji çärýekde 12% arzanlady.

Ösümlik ýagy Oleýna 1l. 14.00-dan 13.00 manada (-7%) düşdi

Ösümlik ýagy Rossiýanka 1l. 17.00-dan 11.00-a (-35.3%) düşdi

Ösümlik ýagy Korona izobiliýa7l. 70.00-dan 63.00-a (-10%) düşdi

Orsýetde öndürilen margarin Saratowskiý 150gr. 3.30-dan 4.00 (+21%) manada galdy

Ýerli margarin Gaýmakly 150gr. 3.00-dan 4.00-a (+33.3%) galdy

Un

Birinji ýarym ýylda unuň bahasy ortaça 61% gymmatlady, soňky üç aýda 14%.

Kilogram un (Gazagystan) 7.00-dan 6.50 manada(-7%) düşdi

Kilogram un (Rossiýa) 9.00-dan 8.00-a (-11%) düşdi

Bir gap UNO 1kg. 7.80-den 8.90-a (+14%) galdy

Bir halta Pioner 5kg. 46.00-dan 61.00-a (+32.6%) galdy

Un bahasyna alktual syn (2018-nji ýylyň 13-nji noýabry) şu ýerde çap edildi.

Ýarmalar we aşlar

Birinji ýarym ýylda ýarmalaryň bahalary 35% ýokarlandy, soňky üç aýda 11%.

Makaronlar (Rossiýa) bahalary üýtgemän, kilogramy 8.00 manat bolmagynda galdy

Ýerli türkmen makaronlarynyň bahalary hem öňküliginde dur 5.00 manat

Ankara makaronynyň bir gaby 500gr. 12.00-dan 14.00 manada (+16%) galdy

Nohut bahasy üýtgemän, kilogramy 7.00 manat bolmagynda galdy

Mäş bahasy gymmatlap, 14.00-dan 16.00 manada (+14%) çykdy

Tüwi gymmatlap, 8.00-dan 10.00-a (+25%) çykdy

Süýt önümleri

Ýylyň başyndan iýunyň aýagyna çenli ortça ýokarlanma 45% boldy, soňky üç aýda 2.5%.

Gaýmak Elin 350gr. gymmatlap, 6.00-dan 6.50-ä (+8%) çykdy

Aýran Gaýmak 1l. 5.00-dan 5.50-ä (+10%) galdy

Kefir Garpalyk 1% 1l. bahasy üýtgemedi 5.50

Tworog Dorag 9% 250gr. bahasy üýtgemedi 7.20

Süýt TekSut 1l. ozalkysy ýaly 13.50

Süýt (öýüňki, ýerli) 1.5l. 4.00-dan 5.00-a (+25%) galdy

Sygyr we towuk eti

Ýylyň birinji ýarymynda etiň bahasy ortaça +5% gymmatlan bolsa, üçünji çärýekde bahalar eýýäm 34% ýokarlandy.

Gyzykly ýerli, baha ýazgylarynda ozalky bahalar görkezilgi: sygyr edti 18 manat, üwelen sygyr eti 14.00 manat. Emma hakykatda süňkli etiň kilogramy eýýäm 28 manat, üwelen et 22 manat

Supermarketde süňkli sygyr etiniň kilogramy 30 manat, süňksüzi 38.00. Jylka et 45 manatdan, gowy üwelen et bolsa 28 manatdan satylýar.

Süňkli sygyr eti gymmatlap, kilogramy 18.00-dan 28.00 manada (+55%) çykdy

Goýun budy (1kg) 20.00-dan 25.00-a (+25%) çykdy

Üwelen et (sort 2) 14.00-dan 22.00-a (+57%) galdy

Üwelen et (sort 1) 25.00-dan 28.00-a (+12%) galdy

Towuk eti (bütewi) kilogramy 13 manatdan döwlet dükanlarynyň tekjelerindne seýrek bolýar, hususy dükanlarda onuň bahasy eýýäm 21.00 manat, bu +61% gymmat bolýar

Kofe

Birinji ýarym ýylda kofeleriň bahasy ortaça 55% gymmatlady, emma üçünji çärýekde onuň bahasy ortaça 23% arzanlady.

MacCofee 20gr. arzanlap, 2.50-den 2.00 manada (-20%) düşdi

Bir guty Jacobs 190gr. arzanlap, 80.00-dan 64.00-a (-20%) düşdi

Bankaly Nescafe 100gr. 79.00-dan 48.00-a (-39%) düşdi

Kofe Çernaýa karta 95gr. 46.00-dan 38.00-a (-17.4%) düşdi

Кofe Coffee Creme 100gr. 64.00-dan 48.00-a (-25%) düşdi

Içgiler, şerbetler we alkogol

Birinji ýarym ýylda içgileriň we şerbetleriň bahalary ortaça 70% gymmatlady, emma iýuldan sentýabra çenli eýýäm 12% arzanlady.Birinji ýarym ýylda 24% gymmatlan alkogolyň bahasy üçünji kwartalda ýene +11% gymmatlady. ýatladýarys, iýulda alkogolly içgileriň hususy dükanlarda satylmagyna dilden gadaganlyk girizildi.

Içgi-çaý Akdaş5l. ozalkysy ýaly 2.00 manat

Içgi Goşa Çynar5l. 5.00-dan 4.00-a (-20%) arzanlady

Gazly suw, 1.5l. öndüriji “Tolkun” 4.50-den 4.00-a (-11%) arzanlady

Şerbet Jos 1l. 6.00-dan 5.00-a (-16.6%) arzanlady

Şerbet Ecil 1l. 9.00-dan 8.50-ä (-5.5%) arzanlady

Koka-kola (şekersiz) 1l. 5.00-dan 4.00-a (-20%) arzanlady, çüýşe 5l. ozalkysy ýaly 2.50 manat

Standart Koka-kola 1l. häzirki pursatda 12.00 manat, +26% gymmat. Bellemeli ýeri, kola dükanlarda örän seýrek bolýar, diňe şekersizi satýarlar

Fanta, Spraýt 1l. 9.50-den 8.00-a (-15.8%) düşdi

Arassa aragy (ýaşyl) 0.5l. 22.00-dan 28.00-a (+27.3%) galdy

Turkmen Konyagy 1l. 40.00-dan 45.00-a (+12.5%) galdy

Berk piwosy 0,5l. 11.00-dan 12.00-a (+9%) galdy

Zip piwosy 5l. gymmatlap 14.00-dan 15.00-a (+7%) çykdy

Berkpiwosy 5l. gymmatlady, 16.00-dan 18.00-a (+12.5%) çykdy

Beýleki harytlar

Kir ýuwulýan soda HomePlus 400gr. we agardyjy Barfatan, ozalkylary ýaly, degişlilikde 10.00 we 8.00 manatdan satylýar

Aýallar üçin antiperspirant NIVEA 40ml. ýöriteleşdirilen parýumeriýa dükanlarynda 46.00-dan 43.00-a (-6.5%) düşdi. Käbir hususy dükanlarda bu dezodoranty 32 manada hem tapyp bolýar (-30%)

Şampun Shauma 380ml. 26.00-dan 30.00-a (+15%) galdy

Aýallar üçin arassaçylyk pamygynyň gutusy Molped 40sany, ozalkysy ýaly, 27.00 manat

1ТБ möçberinde hakydasy bolan gaty disk Toshiba, ozalkysy ýaly, 1000 manat

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda 2018-nji ýylda azyklaryň we harytlaryň bahalarynyň üýtgeýiş depgini
Gipoglikemiýa üçin käbir tebigy teklipleri dykgatyňyza ýetirmekçi.
Gubuzlyk üçin tebigy çözgüt teklipleri
Gyzgyn kofeniň ýakymly ysy we Coffee Project-iň mähirli gurşawy gyş günlerini ýagtylandyrar
Russiýada togtadylan ýaragly pitnäniň Türkmenistanda döreden 'ýaňlary'
Nowak Russiýanyň nebitiň eksportuny artdyrandygyny habar berdi