Nowak Russiýanyň nebitiň eksportuny artdyrandygyny habar berdi

Nowak Russiýanyň nebitiň eksportuny artdyrandygyny habar berdi

Russiýa geçen ýylda nebitiň daşary bazarlara, şol sanda Hytaýa eksportuny artdyrdy, bu barada RF-niň wise-premýeriniň orunbasary Aleksandr Nowak ýurduň Energetika ministrliginiň ýygnagynda habar berdi diýip, Interfax.ru ýazýar.

Biziň energiýa gorlarymyzyň köp bölegi dostlukly ýurtlarymyzyň bazarlaryna ugur aldy.Eger mysal hökmünde aýtsam, geçen ýyl Hindistana eksport edýän nebitimiziň möçberi 22 esse ýokarlandy.Hytaýa eksportumyz hem artdy.

Bularyň ählisi pudakda durmuşa geçiren uly işlerimiziň miweleridir diýip, Nowak belledi.Hökümet başlygynyň orunbasary soňra ýurduň Rossiýa 24 teleýaýlymyna beren interwýusynda Hytaýa nebitiň eksportunyň geçen 2022-nji ýylda 8 göterim, kömrüň eksportunyň bolsa, has artandygyny aýtdy.

Nowak şeýle-de rus nebitiniň, gazynyň, esasan-da suwuklandyrylan gazynyň, nebit önümleriniň hem-de kömrüň geljekde-de dünýäde, aýratyn hem Aziýada uly islegden peýdalanjakdygyny nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türkiýede Tebigy Gaz Merkeziniň 2024-nji Ýylda Açylmagyna Garaşylýar
Nowak: ýylyň ikinji ýarymynda energiýa serişdeleri gymmatlap biler
Nowak Russiýanyň nebitiň eksportyny artdyrandygyny habar berdi
Orenburgdaky Ural derýasynyň suwy iň howply derejede ýokarlandy
Türkmenistanyň Teleradioýaýlymlar merkezinde mediaforum geçirildi
Mediaforum: ulag ministrleriniň Awaza maslahatynyň jemleri