Gazpromyň başlygy Miller: rus gazynyň Aziýa bazarynda uly geljegi bar

Gazpromyň başlygy Miller: rus gazynyň Aziýa bazarynda uly geljegi bar

Russiýa Federasiýasynyň Gazprom döwlet edarasynyň başlygy Alekseý Miller kompaniýanyň rus gazy üçin Aziýada uly geljegi bolan bazary görýändigini belledi, onuň sözlerine görä, häzir Aziýa iň çalt ösýän bazar bolup durýar. Bu barada ol Rossiýa 1 teleýaýlymyna beren interwýusynda gürrüň berdi diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Häzirki wagtda Gazprom Hytaýa Sibiriň güýji turbageçirijisi arkaly gaz iberýär. 2022-nji ýylyň jemleri boýunça bu gaz geçiriji arkaly mawy ýangyjyň 15,4 milliard kubmetri eksport edildi.

Öň Miller Russiýada tebigy gazyň gorlarynyň onýyllyklara ýetjekdigini habar beripdi.

Ýeri gelende aýtsak, Gazprom kompaniýasynyň paýnamalarynyň 50 göteriminden gowragy döwlete degişlidir. Holdingiň işewürligine tebigy gazyň dünýä gorlarynyň 16 göterimi we rus gazynyň 71 göterimi degişlidir.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda rus dili: Täze meýiller, köne tejribeler (3-nji bölüm)
Ýeriň orbitasyndaky kosmos zibiliň sany belli boldy
Putin Demirgazyk Akym Geçirisine Guralan Sabbotažyň Döwlet Derejesindedigini Aýtdy
Nowak Russiýanyň nebitiň eksportuny artdyrandygyny habar berdi
Nowak Russiýanyň nebitiň eksportyny artdyrandygyny habar berdi
Nowak: ýylyň ikinji ýarymynda energiýa serişdeleri gymmatlap biler