Putin Demirgazyk Akym Geçirisine Guralan Sabbotažyň Döwlet Derejesindedigini Aýtdy

Putin Demirgazyk Akym Geçirisine Guralan Sabbotažyň Döwlet Derejesindedigini Aýtdy

Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Demirgazyk Akym tebigy gaz göterijilerine guralan sabbotažy ukrainaly toparlaryň gurandygy hakyndaky çaklamalaryň “samsyklykdygyny”, onuň döwlet derejesinde guralyp bilinjekdigini aýtdy.

Putin “Rossiýa-1” döwlet teleýaýlymyna Demirgazyk Akym tebigy gaz geçirijisine geçen ýyl guralan hüjüm hakynda beýannama berdi.

Günbataryň metbugat organlaryndaky turba geçirijilerine känir ukrainaly aktiwist toparlaryň sabbotaž gurandygy habarlar boýunça garaýyş beýan eden Putin; “Onuň samsyklykdygyny doly bilýärin. Şeýle güýçli we şeýle uly partlama diňe bilermenler tarapyndan belli tehnologiýalara eý ebolan döwletiň ähli güýji tarapyndan goldananda guralyp bilner” diýdi.

Hüjümi günbatar ýurtlarynyň gurap biljekdigine ünsi çeken Putin, ABŞ-nyň bu iş bilen gyzyklandygtyny aýtdy.

Putin; “Rus gazyndan 25-30 göterim gymmatdygyna garamazdan suwgaldylan tebigy gaz bilen öz önümlerini satmak, rus energiýa göterijileriniň Ýewropa bazaryna üpjünçiligini bes etmek üçin elbetde teoriki taýdan ABŞ onuň bilen baglanşyklydyr” diýdi.

Putin, görnüşine görä turba geçirijisiniň ugruna birnäçe partlaýyjynyň goýulandygyny, käbirleriniň näbelli sebäplerden ýarylmandygyny hem aýtdy.

Ýene degişli makalalar

ÝOKARY DEREJELI HALKARA FORUM DÜNÝÄ METBUGATYNYŇ SAHYPALARYNDA
Aşgabat — ählumumy dialogyň merkezi: Ýokary derejeli halkara forum dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Siriýanyň Prezidenti Ahmed Şara Moskwa ikinji saparyny guraýar
Gazpromyň başlygy Miller: rus gazynyň Aziýa bazarynda uly geljegi bar
Ýeriň orbitasyndaky kosmos zibiliň sany belli boldy
Nowak Russiýanyň nebitiň eksportuny artdyrandygyny habar berdi