
23-nji iýunda prezident Serdar Berdimuhamedow 2-22-nji iýul aralygynda 275 adamyň Saud Arabystanyna haja gitmegine rugsat berýän görkezmä gol goýdy.
Resminamada “Türkmenhowaýollary” edarasynyň öz hasabyna ýörite uçar gatnawyny amala aşyryp,raýatlary Saud Arabystanyna haja alyp gitmelidigi we yzyna getirmelidigi aýdylýar.
2020-nji we 2022-nji ýyllarda koronawirus ýokanjy sebäpli, Saud Arabystany haja adam kabul etmedi.
“Fergana” neşiriniň ýazmagyna görä, ýokanja çenli Saud Arabystany haja 2 milýon adam kabul edipdi. 2022-nji ýylda bolsa,1 milýon musulman haja gidip biler. Ýurtlaryň aglabasyna berlen kwota ep-esli kemeldildi.
Mysal üçin, ýokanja çenli 25 müň sany rusýaly musulman haja giden bolsa,şu ýyl bary-ýogy 11 318 adam gidip biler. Täjigistanyň kwotasy 6 müňden 3,5 müňe, Gyrgyzystanyňky 5485-den 2766 adama çenli kemeldildi.
Emma, özbegistanlylaryň kwotasy 10 865 adama çenli köpeldildi. 2019-njy ýylda olaryň sany 7200 adama deňdi.Türkmenistanyň kwotasy hem artdyryldy: 2019-njy ýylda 2019 году 160 adam, 2018-nji ýylda 2018 году 153 adam, 2017-nji ýylda 2017 году 160 adam haja gidipdiler.
The post Şu ýyl Türkmenistandan 275 adam haja gider.
Bu ýokanja çenli ýyllardan 100 adam köp first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.