Şu ýylky ilkinji üstünligi

Geçen tapgyrda çempiony belli bolan Moto GP boýunça Dünýä çempionatynyň nobatdaky ýaryşy Awstriýada geçirilip, “Movistar Yamaha” toparynyň ispan sürüjisi Mawerik Winýales ýeňiji boldy.Ol 27 aýlawy hemmeden öňürti tamamlap, 40 minut 51,081 sekuntda pellehana geldi.

Bu onuň şu ýylky ilkinji, karýerasyndaky 5-nji ýeňşidir. Ýaryşda 23-nji ýerleri italiýaly sürüjiler Andrea Iannone (“Suzuki Ecstar”) bilen Andrea Dowizioso (“Ducati”) eýelediler.Moto GP-de mundan öňki ýaryşda “Repsol Honda” toparynyň ispan sürüjisi Mark Markes karýerasyndaky 5-nji çempionlygyny yglan edipdi.

Möwsümiň 18-nji ýaryşy 4-nji noýabrda Malaýziýada geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Markesiň öňdeligi dowam edýär
Moto GP-niň 71-nji möwsümi
Petruççiniň ilkinji ýeňşi
Markes çempionlyga golaýlaýar
Winýalesiň birinji ýeňşi
Täze möwsümiň ilkinji ýaryşy