Şu ýylyň 8 aýynda Türkmenistanyň eksporty 7,8 milliard dollara barabar boldy

Şu ýylyň 8 aýynda Türkmenistanyň eksporty 7,8 milliard dollara barabar boldy

2023-nji ýylyň 8 aýynda Türkmenistanyň eksportynyň umumy mukdary 7,8 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy. Muny Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň başlygy Rahymberdi Jepbarow OGT-2023 halkara nebit-gaz forumynda eden çykyşynda mälim etdi.

Çykyşda bellenilişi ýaly, hasabat döwründe ýurduň daşary söwda dolanyşygynyň umumy mukdary 13,7 milliard ABŞ dollaryna ýetdi. Şeýlelik bilen, 2023-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Türkmenistanyň daşary söwdasynyň oňyn balansy 1,9 milliard ABŞ dollaryna barabar bolup, milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny we döwletiň netijeli söwda syýasatyny görkezdi.

R.Jepbarow şeýle hem Fitch Ratings reýting gullugynyň soňky hasabatyna görä, 2022-nji ýylda Türkmenistanyň daşarky karzynyň jemi içerki önümiň 4,9 göterimine barabardygyny aýtdy.

Mundan başga-da, R.Jepbarow Türkmenistanyň häzirki daşarky bergisiniň bary-ýogy 3,4 milliard dollardygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

TEIF — 2024: Türkmenistanyň daşary ýurt karz berijileriniň öňündäki borçnamasy JIÖ-niň 5%-inden geçmeýär
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Ýaş aýdymçylary Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY