GARAŞSYZLYKHALKYMYZYŇ MILLI BUÝSANJY

Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasy, Arkadag teleýaýlym şeýlede Sahy Jepbarow adyndaky Arkadag şäher ýörite sungat mekdebiniň bilelikde gurnamagynda Garaşsyzlykhalkymyzyň milli buýsanjy atly döredijilik duşuşygy geçirildi.Duşuşygyň başynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanbedew batly at-myradyň mekany ýylynyň depginli ösüşlere beslenmegi baradaky päk arzuwlar bilen başlady şeýle-hem her ýyla mynasyp at bermek döwletimizde ajaýyp däbe öwrülýändigi, onuň ajaýyplygynyň ilkinji sebäbi: her ýyl şol at bilen hakydamyza siňýär, taryhda şol at bilen galýar, şol at hemişe ruhlandyryp durýar, halkymyz ähli güýjüni, başarnygyny hem serişde mümkinçiligini ýylyň adynda jemlenen esasy maksada gönükdirilýänligi dogrusynda, Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýunyň toýlanjak ýylynyň adynyň at bilen baglanyşdyrylmagynyň özeninde çuňňur many bardygy dogrusynda giňişleýin gürrüňler edildi.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, döwletli tutumlarynyň rowaçlyga beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

USSAT ÝAZYJY ŞAHYR GARA SEÝITLIÝEWIŇ ÖMRI DÖREDIJILIGI NESILLERE NUSGALYK
Bedew batly diýarym, aýdym-sazly mekanym
Türkmen talyplary halkara internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
Türkmen talyplary halkara internet olimpiadasynda üstünlikli çykyş etdiler
Zelenskiý: "4 müň 500 rus esger öldürildi" diýdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawynyň netijesi 14-nji martda yglan ediler