Süňk ýilik keselli ýaş gyzyň saglygyny bejertmegi üçin Türkmenistandan goýberdiler,oňa maliýe kömegi zerur

Süňk ýilik keselli ýaş gyzyň saglygyny bejertmegi üçin Türkmenistandan goýberdiler,oňa maliýe kömegi zerur

Biz martda Aýperi Annaýewa barada habar beripdik we ol daşary ýurtda saglygyny bejertmegi üçin goýberilmegini garaşsyz KHS arkaly haýyş edip, türkmen häkimiýetlerine ýüzlenipdi.

Onuň haýyşy eşidildi we Aýperini daşary ýurda çykmagyna rugsat edildi. Häzir ol Stambulda barlagdan geçýär.

“Adam hukuklary boýunça Türkmen Inisiatiwasy” we “Türkmenistanyň Hronikasynyň” redaksiýasy bu ynsanperwerlik karary gowy garşylaýar.

Emma, indi Aýperiniň maşgalasy maliýe meseleler bilen ýüzbe-ýüz boldylar.Oňa çylşyrymly operasiýa etmeli we süňk ýiligini çalyşmaly. Ýaş gyzyň sözlerine görä, eger erkek dogany donor hökmünde gabat gelse,onda operasiýanyň bahasy 70 müň dollara golaý.Onça pul maşgalada ýok.

Eger başga bir donor gözlemeli bolsa,onda nyrhyň 200 müň dollara çykmagy ähtimal.

Iki ýyl mundan owal hassa çagalara kömek edýän fondlar söz berseler-de, indi boýun gaçyrýarlar. Çünki, Aýperi kämillik ýaşyna ýetdi.

Siz nähili kömek edip bilersiňiz? Ilkinji nobatda Aýperiniň maşgalasyna ýardam edip biljek fondlary gözläp tapmak. Eger olar barada bilýän bolsaňyz, onda habar bermegiňizi haýyş edýäris.

Aýperiniň maşgalasy bilen Telegram arkaly şu sandan +99362223967 ýa-da mail arkaly annaevagozel3@gmail.com göni habarlaşyp bilersiňiz.

Maliýe kömegiňizi Western Union arkaly Türkiýä, Aýperiniň ejesi Gozel Annayeva hem ýollap bilersiňiz. Emma, olaryň puly alyp bilmegi üçin Aýperä duýdurmaly we iberilen puluň sanyny habar bermeli.

Şeýlede pul serişdelerini PayPal we bank hasaplary arkaly ýygnamak bilen Türkmen.news meşgullanýar. Jikme-jikleri neşiriň saýtyndan öwrenmek mümkin.

The post Süňk ýilik keselli ýaş gyzyň saglygyny bejertmegi üçin Türkmenistandan goýberdiler,oňa maliýe kömegi zerur first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Ýewroparlamentiň agzalary lukman Ismatullaýewanyň tussag edilmeginiň ýyl dönüminde ony boşatmaga türkmen häkimiýetlerini çagyrýarlar
HRW: Repressiýalaryň fonundaky Aziýa oýunlary
Halkara guramalary Türkmenistanda ýitirim edilen Galina Kuçerenkonyň ykbalyny mälim etmegi soraýarlar
Tussag edilen aktiwist Galina Kuçerenko gyzy bilen duşuşmaga rugsat berildi
Haýwanlary goraýjy aktiwist Kuçerenko tussaglykdan boşadyldy
82 ýaşly goja eden şikaýatyndan soň ýitirim boldy. WIDEO