Sürüjisiz ulag öndürer

Volkswagen kompaniýasy dolulygyna sürüjisiz hereket edip bilýän nusgalyk görnüşdäki ulagyny tanyşdyrdy.Innowasiýa aýratyn ähmiýet berýän nemes brendiniň Gen.Travel atly ulagynda sürüji üçin hiç zat göz öňünde tutulmandyr.

Elektrik energiýasy bilen işleýän ýeňil ulagyň gapylary adaty ulaglaryňkydan giňligi bilen tapawutlanýar.Emeli aň tehnologiýasy oturdylan elektrokar energiýany tygşytly sarp edýär.Oturgyçlary dolulygyna ýatyrylýan ulag uzak ýola syýahata çykýanlar üçin hem rahat hasaplanýar.Sürüjisiz ulagyň 5-nji derejesine eýe bolan (sürüjä hiç hili zerurlyk duýmaýan tehnologiýa) modeliň satuwa çykaryljak wagty mälim edilmedi.

Aýlar ILBAÝEWA,Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

BMG tarapyndan taýarlanan habarnama halkara galplyk ulgamynda gynamalaryň köpelýändigini görkezýär
Mugallymsyz synp açyldy
Bossan Concept-e fito diwarlar üçin emeli ösümlikleriň täze kolleksiýasy geldi
Erdogan Emeli Intellekt Bilen Palestina Goldaw Berdi
International Learning Festival (ILF 2024) halkara bilim festiwalyna ýurdumyzyň wekili gatnaşdy
Fizika boýunça Nobel baýragynyň eýeleri mälim edildi
Sahara çölüne sil geldi