SUEZ fransuz kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

SUEZ fransuz kompaniýasy Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýär

Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasynda ilçi M.Çaryýew bilen SUEZ kompaniýasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi. 1-nji martda bolan duşuşyga kompaniýanyň Ýewropa, Kawkaz we Merkezi Aziýa boýunça baş direktory jenap Pol Bourdillon we Halkara ösüş direktory jenap Timoti Kargi gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Fransiýadaky ilçihanasy habar berdi.

Suw üpjünçiligi we ony dolandyryş boýunça dünýäde öňdebaryjy bolan kompaniýa hasaplanýa SUEZ Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga gyzyklanma bildirdi. Duşuşykda taraplar suw arassalaýjy we suw süýjediji desgalary gurmak, şeýle hem suw paýlaýyş infrastrukturasyny ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmekde bilelikde işlemek mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar.

Kompaniýanyň wekilleri mundan beýläkki geňeşmeler üçin, Türkmenistana ýörite wekiliýetiň saparyny guramak isleýändigini mälim etdiler. Bu duşuşyk Türkmenistan bilen SUEZ-yň arasynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin ilkinji ädimdir diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Russiýa Federasiýasyna täze ilçi bellendi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
2023-nji ýylyň noýabr aýynyň 24-ne Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde täze ýüze çykarylan arheologiki tapyndylarynyň gowşurylmagy mynasybetli guralan serginiň açylyş dabarasy geçirildi
Türkmen wekiliýeti CIGEPS-niň mejlisine gatnaşdy
Türkmenistanyň wekiliýeti Medeni dürliligi goramak we höweslemdirmek baradaky Hökümetara Komitetiniň mejlisine gatnaşýar
ÝUNESKO-nyň baş edarasynda Magtymgula bagyşlanan dabaralar geçiriler