Sumatrada sil sebäpli 200-den gowrak adam ýogaldy

Sumatrada sil sebäpli 200-den gowrak adam ýogaldy

Indoneziýada sil we ýer şüýşmesi sebäpli 200-den gowrak adamyň ýogalandygy habar berildi.

Günbatar Sumatra sebitiniň Tebigy apatlara garşy göreş gullugynyň metbugat sekretary İlham Wahab anna gijesi beren beýannamasynda “Sil sebäpli 61 adam ýogaldy, 90 adam hem dereksiz ýitdi” diýipdi.

Demirgazyk Sumatrada bolsa 116 adamyň ýogalandygy habar berildi.

Açeh sebitinde bolsa sil sebäpli 35 adam ýogaldy.

Milli apatlara garşy göreş gullugynyň başlygy Suharýanto, siliň esasan Demirgazyk Sumatra uly zeper ýetirendigini aýtdy.

Sil apatynyň 4 gün ozal başdan geçirlendigine garamazdan amatsyz howa şertleriniň gözleg we halas ediş işlerine zeper ýetirýändigi nygtaldy.

Ýollaryň henizem ýapykdygyny aýdan ýoldaşçylar, ýogalanlaryň sanynyň artmagyna alada bildirýär.

Ýerli ýolbaşçylar halka gyssagly ynsanperwer kömeginiň ýetirilmegini talap edýär.

Ýene degişli makalalar

Indoneziýada sil sebäpli ýogalanlaryň sany 1000 adamdan geçdi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Indoneziýanyň Molukka deňzinde 7,8 bal ululygynda ýer titremesi boldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi