Indoneziýada sil sebäpli ýogalanlaryň sany 1000 adamdan geçdi

Indoneziýada sil sebäpli ýogalanlaryň sany 1000 adamdan geçdi

Ýolbaşçylaryň şenbe güni beren beýannamasyna görä, Indoneziýanyň Sumatra adasynda gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Sil we ýer süýşmesi sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 1003 adama ýetendigi nygtaldy

Milli apatlara garşy göreş gullugyna görä, apat soňky iki hepde-de 5 müň 400 adamyň ýaralanmagyna, 218 adamyň hem dereksiz ýitmegine sebäp boldy.

Aşa köp ýagýan ýagyşlar Demirgazyk Sumatra, Günbatar Sumatra we Açe sebitlerinde ýaşaýyş jaýlarynyň, ýollaryň, köprüleriň we ekin meýdanlarynyň suwyň aşagynda galmagyna sebäp boldy.

1,2 million adam sil we ýer süýşmegi sebäpli wagtlaýyn gaçabatalgalara geçdi.

Gaçybatalgalarda ýaşaýanlaryň sanynyň aşa köpdügi sebäpli azyk ýetmezçiligi başdan geçirilýär.

Sumatra uly zeper ýetiren sil, soňky ýyllardaky iň uly apatlardan biri hökmünde bellige alyndy.

Açe sebiti 2004-nji ýylda başdan geçirlen sunamy apaty sebäpli ýer bilen ýegsan bolupdy.

2004-nji ýylda başdan geçirlen apat sebäpli diňe Indoneziýada 170 müňden gowrak adam ýogalypdy.

Ýene degişli makalalar

Sumatrada sil sebäpli 200-den gowrak adam ýogaldy
Indoneziýanyň Günbatar Ýawa welaýatynda taksiniň sebäp bolan otly heläkçiliginde 14 adam ýogaldy
Sanly tehnologiýalar boýunça halkara maslahat geçirildi
Türkmenistanyň ýygyndy topary 2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýetginjekler ýaryşyň saýlama tapgyrynda Tailandyň toparyndan üstün çykdy
2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýetginjekler ýaryşyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň ýygyndy topary ýeňiş gazandy
Yslam ýurtlary Ysraýylyň Gazalylary zor bilen çykarmak meýilnamasy barada duýduryş berdiler