Türkmenistanyň ýygyndy topary 2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýetginjekler ýaryşyň saýlama tapgyrynda Tailandyň toparyndan üstün çykdy

Türkmenistanyň ýygyndy topary 2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýetginjekler ýaryşyň saýlama tapgyrynda Tailandyň toparyndan üstün çykdy

Türkmenistanyň milli ýygyndysynyñ futbolçylary Tailandyň Çonburi şäherinde 17 ýaşa çenli (U17) ýetginjekleriň arasynda geçirilýän 2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama tapgyrynyň üçünji duşuşygynda Tailandyň toparyny 3:2 hasabynda ýeňip, ýaryşyň ikinji ýeňşini gazandylar.

F toparçasynda çykyş edýän iki ýygyndy topar üçünji duşuşygyny geçirip, onda ýaryşyň jemleýji tapgyryň ýeke-täk orny ugrunda bäş topar göreşýär.Duşuşyga toparlar deň däl ýagdaýda geldiler.Türkmen futbolçylary Kuweýtiň toparyndan 0:1 hasabynda utulyp, Maldiw adalarynyň toparyndan 6:0 hasaby bilen üstün çykdylar we 3 utuk gazandylar.

Tailandyň topary bolsa Mongoliýanyň toparyny 4:0, Maldiw adalarynyň toparyny 7:1 hasabynda utdy we olaryň hasabynda 6 utuk bardy. Şonuň üçin ýer eýeleri bilen boljak duşuşyk Ahmet Allaberdiýewiň topary üçin ähmiýetli boldy.

Türkmen futbolçylary oýna hyjuwly başlap, eýýäm 24-nji minutda 2:0 hasabynda öňe saýlandylar.Ilkinji pökgini 14-nji minutda Süleýmannazar Gowşudow tora girizdi, 10 minutdan soň bolsa Hudaýnazar Meredow artykmaçlygy iki esse artdyrdy. 61-nji minutda H.Meredowyň urgusyndan soňra Tailandyň ýygyndysynyň oýunçysy Pongkun pökgini öz derwezesine geçirdi we türkmen topary ýeňil ýeňiş gazanjak ýalydy.

Emma beýle bolmady. 64-nji minutda Çaýwarangkun Piçaýa hasaby açdy. Ýene-de sekiz minutdan soň Suttiphapra Pakorn hasaby 2:3 çenli azaltdy.Galan wagtyň dowamynda ýer eýeleri oýny halas etmek üçin ep-esli synanyşdy.

Emma ýeňlişden halas bolup bilmediler. Ýaryşyň beýleki duşuşygynda Mongoliýanyň toparyndan 5:0 hasabynda üstün çykan Kuweýtiň ýetginjekler topary Maldiw adalarynyň toprynyň derwezesine bäş sany jogapsyz pökgi geçirdi. Ýeňijileriň arasynda tapawutlananlar: Al-Mutaýri (10-njy minutda), Al-Atiki (34-nji we 45+5 minutda), Al-Hajy (83-nji minutda) we Al-Dawud (86-njy minutda).

Bu duşuşyklardan soň F toparçasynda 9 utuk bilen Kuweýtiň ýetginjekler topary öňdeligi eýeleýär.Türkmenistanyň bilen Tailandyň ýetginjekler toparlarynda 6 utuk bar.Mongoliýanyň toparynda 3 utuk bar. Ýaryş tertibini Maldiw adalarynyň topary jemleýär, hasabynda utuk ýok. 2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýetginjekler ýaryşyň jemleýji tapgyryna ýeke-täk ýeriň ykbaly Mongoliýanyň we Türkmenistanyň, Tailandyň we Kuweýtiň toparlarynyň arasyndaky duşuşyklaryň jemleri bilen kesgitlener.

Bellenilişi ýaly 2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýetginjekler ýaryşyň saýlama tapgyryna ýedi toparça bölünen 38 topar gatnaşýar.Saýlama tapgyryň duşuşyklary ähli toparlarda merkezleşdirilen görnüşde bir aýlawda geçirilýär.

Toparyň ýeňijileri 2026-njy ýylyň 7 24-nji maýy aralygynda Saud Arabystanynda geçiriljek ýaryşyň jemleýji tapgyryna çykarlar.Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda olar 2025-nji ýylda Katarda 17 ýaşa çenli (U17) ýetginjekleriň arasynda geçiriljek FIFA-nyň dünýä çempionatyna göni ýollanma alan dokuz AFK-nyň wekilleriniň toparyna Katara, Özbegistana, Saud Arabystanyna, Koreýa Respublikasyna, Koreýa Halk Demokratik Respublikasyna, Ýaponiýa, Täjigistana, Birleşen Arap Emirliklerine we Indoneziýa goşularlar.

Ýene degişli makalalar

2026-njy ýylyň Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýetginjekler ýaryşyň saýlama tapgyrynda Türkmenistanyň ýygyndy topary ýeňiş gazandy
Türkmenistanyň futbol boýunça 20 ýaşa çenli ýaşlar ýygyndysynyň Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň 17 ýaşa çenli futbol ýygyndysynyň Aziýanyň kubogy ― 2025-iň saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Türkmenistanyň Aziýa-2027 Kubogy ugrundaky saýlama tapgyryndaky garşydaşlary belli boldy
Turkish Airlines: dünýäniň islendik künjeginde Täze ýyl
Türkmenistanyň milli ýygyndysy “D” toparçada çykyş eder