Sungat ussatlary Balkan welaýatynda çykyş ederler

Türkmenistanyň halk artisti Gülşat Gurdowa, Türkmenistanyň at gazanan artisti Begmyrat Annamyradow, şeýle-de aýdymçylar Durdy Durdyýew bilen Arslan Gulmämmedow Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherindäki Türkmeniň ak öýi binasynda baýramçylyk konserti bilen çykyş ederler.

2023-nji ýylyň 14-nji dekabrynda geçiriljek baýramçylyk konsertinde ýurdumyzyň sungat ussatlary günbatar sebitiň ýaşaýjylary üçin özleriniň ajaýyp aýdymlary bilen çykyş ederler.

Konsertler 14:00-da, 17:00-da geçiriler.

Habarlaşmak üçin 48-96-83, 60-15-67 telefon belgilerine jaň edip bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

Medeniýet we sungat ussatlary baýramçylyk konserti bilen Balkan welaýatynda çykyş ederler
China Southern Siandan Aşgabada göni howa gatnawlaryny ýola goýdy, 18-nji maýda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni belleniler, Gülşat Gurdowa Aşgabatda konsert berer we beýleki habarlar
Türkmenistanly sungat ussatlary Duşenbede geçiriljek medeniýet we sungat ussatlarynyň konsertinde çykyş eder
Aşgabatda döwlet bagşyçylyk bäsleşiginiň ýeňijileriniň atlary yglan edildi, Türkmenistanyň Lebap welaýatynda 3,5 müň maşgala üçin şäherçeler gurulýar, Apple iPhone 15 nesline degişli smartfonlaryny tanyşdyrdy we beýleki habarlar
Rysgal-bereketli, döwletli Watan
Emir Rasen türkmenistanly sungat ussatlary bilen aýdym ýazdy