SUNGATYŇ YŞGYNDA

SUNGATYŇ YŞGYNDA

2024-nji ýylyň 4-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Sungatyň yşgynda atly söhbetdeşlik geçirildi.Türkmenistanyň telewideniýe radio gepleşikleriniň we kinomotografiýa baradaky döwlet komiteniniň Aşgabat teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi. Ýazgyda Aşgabat teleýaýlymynyň alyp baryjysy Öwezowa Ogulşirin şeýle-de Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň esasy hünärmeni Laçyn Tosyýewa gatnaşdy.

Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biz üçin çäksiz bagtdyr.Köňülleriň we döwürleriň şahyry, adamzadyň gözel, tämiz duýgularyň aýdymçysy Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy beýikligidir.

Türkmen halkynyň gadymy medeni-mirasy, ruhy gymmatlyklary asyrlaryň uzak heňňamlarynyň dowamynda barha baýlaşyp, kämilleşip gelýändigini, häzirki wagtda halkymyzyň baý durmuş tejribesi esasynda toplanan, olaryň gadymy nusgalaryny geljekki nesillere ýetirmek babatynda gürrüňler boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza özleriniň zenan kalbyndan çykýan alkyşlaryny beýan edýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmen zenanlarynyň döreden ajaýyp el işleri atly söhbetdeşlik geçirildi
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
06.03.2020 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda