Super ýyldyzyň 18 ýyllyk taryhy statistikasy tamamlandy

NBA-da “Los Anjeles Leýkersiň” super ýyldyzy LeBron Jeýmsiň 2007-nji ýyldan bäri dowam edip gelýän taryhy statistikasy tamamlandy.Ol toparynyň öz meýdançasynda “Toronto Reptors” bilen geçiren duşuşygyny 8 utuk bilen tamamlady. Şeýlelikde, ýyldyz oýunçy 1297 oýundan soň ilkinji gezek adaty möwsümiň çäginde 1 duşuşykda 10-dan az utuk geçirdi.

Başgaça aýdylanda, 41 ýaşyndaky super ýyldyza 18 ýyldan soň bir duşuşykda iki sifrli utuga ýetmek başartmady.Aslynda ol duşuşygyň tamamlanmagyna 5 sekunt galanda, hasap deňlikde mahaly topy halka oklap, toparyny özi öňe geçirip bilerdi. Ýöne tejribeli basketbolçy topy topardaşy Haçimura berdi. Ýaponiýaly oýunçy bolsa 3 utuk gazandyrýan çyzygyň daşyndan topy halka girizip, toparyna ýeňiş getirdi (123:120).

Ýene degişli makalalar

Bir sözlemde (günüň sport täzelikleri 29-njy aprel)
Taryhynda ilkinji gezek finala çykdy
Täze ýaryşyň ilkinji çempiony
NBA-da ilkinji gezek
Bütindünýä basketbol güni
NBA ýyldyzlarynyň täze toparlary