Täze ýaryşyň ilkinji çempiony

NBA-da ilkinji gezek geçirilen möwsümiçi ýaryşynda çempion “Los Anjeles Leýkers” topary boldy. Las Wegasda geçirilen final duşuşygynda “Los Anjeles Leýkers” topary “Indiana Peýsers” toparyndan 123:109 hasabynda üstün çykdy. Duşuşykda Antoni Dewis 41 utuk 20 ribaund görkezijiler bilen çykyş edip, esasan hem 4-nji çärýekde toparynyň ýeňşine uly goşant goşdy.

Super ýyldyz LeBron Jeýms duşuşygy 24 utuk, 11 ribaund bilen tamamlady. 38 ýaşyndaky oýunçy ýaryşyň iň gymmatly oýunçysy diýlip saýlandy. Şeýle-de, duşuşykda “Los Anjeles Leýkersden” Ostin Riwes 28 utuk, D’Anjelo Rassell 13 utuk, “Indiana Peýsersden” bolsa Taýris Halibörton 20 utuk, Benedikt Maturin 20, Aaron Nesmit 15, Obi Toppin 13 utuk geçirdi.

Ilkinji ýaryşyň çempiony “Los Anjeles Leýkers” toparynyň oýunçylarynyň hersine 500 müň dollar pul baýragy sowgat berildi. Kümüş medaly eýelän basketbolçylara bolsa 200 müň dollarlyk pul baýragy gowşuryldy.

Ýene degişli makalalar

Taryhynda ilkinji gezek finala çykdy
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Ýylyň garaşylýan filmleri
Geljegiň 60 ýyldyz futbolçysy
Çempion ýeňliş bilen başlady
NBA-nyň 75-nji möwsümi başlaýar