Şuşa döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary sahna eserini görkezdi

Şuşa döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary sahna eserini görkezdi

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan guralýan Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty atly IV halkara festiwaly dowam edýär. Festiwalyň ikinji gününde Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatrynda Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň halkara festiwala getiren Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda atly sahna eseri görkezildi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berildi.

Azerbaýjanyň halk ýazyjysy Ilýas Efendiýewiň eseri esasynda Azerbaýjanyň at gazanan artisti Logman Kerimowyň režissýorlyk etmeginde sahnalaşdyrylan Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda atly sahna eseri halkara teatr festiwalyna gatnaşan myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Durmuşy wakalary beýan edýän sahna eseri ilkinji gezek 2022-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda azerbaýjan halkyna görkezildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Azerbaýjan Respublikasynyň Şuşa döwlet sazly drama teatry halkara derejesinde geçirilen teatr festiwallaryň birnäçesine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başarypdyr.

Ýene degişli makalalar

Azerbaýjanly artistler Edelweýs ýa-da sen mydama meniň ýanymda atly sahna eserini görkezdiler
ASTRAHAN ŞÄHERINDE SUW ULAGY UGRUNDA DÖREÝÄN DÖWREBAP MESELELERIŇ ÇÖZGÜDI ATLY HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
Arkadag şäherinde halkara media-forumy öz işine başlady
Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna ýokary derejeli orden we medallar gowşuryldy
Arkadag şäherine bagyşlanan mediaforum geçirildi
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW TÄZE ŞÄHERIŇ AÇYLYŞ DABARASYNA GATNAŞDY