Suw Sammitinde hormatly Prezidentimiziň wideoýüzlenmesi görkeziler

22-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň başynda diplomatlar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Döwlet Baştutanlarynyň, şeýle-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýollan Gutlag hatlaryny alyşdylar.

Ministr şeýle-de, 2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde geçiriljek Dördünji Aziýa-Ýuwaş ummany Suw Sammitinde Türkmenistanyň Prezidentiniň wideoýüzlenmesiniň görkezilmeginiň meýilleşdirilendigi barada habar berdi.

Diplomatlar iki ýurduň Döwlet Baştutanlarynyň arasyndaky ynanyşmak ýörelgesine esaslanýan gatnaşyklaryň ýokary derejesini beýan etdiler we onuň ýurtlaryň hem-de halklaryň bähbidine gönükdirilen netijeli hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we pugtalandyrylmagyna itergi berýändigini nygtadylar.

Işjeň söhbetdeşligiň barşynda taraplar şonuň ýaly-da, türkmen-ýapon hyzmatdaşlygynyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda yzygiderli ösdürilýändigini nygtamak bilen, bu ugurlarda ähmiýetli özara mümkinçilikleriň bardygyny belläp geçdiler.

Geljegi uly ikitaraplaýyn taslamalaryň ilerledilmeginde Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-ýapon komitetiniň ähmiýetli mümkinçilikleri aýratyn nygtaldy.

Şonuň ýaly-da, iki ýurduň abraýly sebit hem-de halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki özara hereketleriniň oňyn tejribesi bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda, diplomatlar, Merkezi Aziýa + Ýaponiýa Dialogynyň çäklerindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň önjeýli häsiýetini belläp geçdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Tokio şäherinde Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Tokio şäherinde Ýapon-türkmen ykdysady hyzmatdaşlyk komitetiniň başlygy bilen duşuşdy
Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça ministri bilen duşuşyklar
Ýaponiýa Türkmenistan bilen ýokary derejeli duşuşyklary geçirmegi meýilleşdirýär
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 79-njy mejlisine işjeň taýýarlyk görýär
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň jemleýji maslahatyna gatnaşdy
Türkmen wekiliýeti “Margalla Dialogy 2025” halkara maslahatyna gatnaşdy