Suwa çümmeýär

Adatça, ýumurtgany suwa salanymyzda

çümýär. Eýsem, ony suwuň ýüzünde

durar ýaly edip bolýarmyka?

Tejribe

Gerekli zatlar:

ýumurtga,

ýumurtga sygar ýaly

gap, ýyly suw,

duz, çemçe.

Ilki ýyly suwly gaba bir sany ýumurtga salyň! Onuň suwuň aşagyna çümendigini görersiňiz. Soňra emaý bilen ony suwdan çykaryň! Gabyň içindäki suwa iki-üç nahar çemçesi duz atyň! Mazaly garyşdyryp, duzy erediň! Soňra hälki ýumurtgany gaýtadan gaba salyň! Çümdümi, suwuň ýüzündemi ýa-da ortasyndamy?

Nädip beýle bolýar?

Şol bir ululykdaky iki jisimiň agramy deň bolman bilýär.Munuň sebäbi olaryň dykyzlygy bilen baglydyr.Mysal üçin, pagta bilen demir şol bir göwrümde bolsalar hem agramynda uly tapawut bolýar.

Bişmedik ýumurtga bilen suwuň dykyzlygy bir-birine örän ýakyn bolýar. Ýumurtga sähelçe dykyz bolýar. Şol sebäpli, ilkinji synagdaky ýumurtga suwa çümdi.Eger suw (ýa-da başga bir suwuklyk hem bolup biler) ýumurtgadan has dykyz bolsa, ony çümdürmän ýüzünde saklaýar.

Ikinji synanyşykda suwa goşulan duz eräp, onuň dykyzlygyny artdyrýar. Şeýlelikde, ýumurtga suwuň aşagyna çümmeýär.Suwuň belli bir dykyzlygy bolup, özünden ýeňil jisimleri ýokary galdyrýar.Islendik zady suwda wagty ýokary galdyrmak ýeňil bolýar.

Suwuň ýokary galdyryjy güýji onuň dykyzlygyna görä bolýar.Suwuň düzüminde näçe köp duz (beýleki minerallar hem bolup biler) bolsa, dykyzlygy ýokary bolup, has agyr zatlary çümdürmän saklaýar. Şol sebäpli deňizde ýüzmek kölde ýa-da süýji suwly howuzda ýüzmekden aňsat bolýar.

Elbetde, tolkunyň täsiri göz öňünde tutulmadyk ýagdaýynda.

Ýene degişli makalalar

"AIW adamy hiç hili kesgitlemeýär". Kesel höküm bolmadyk wagty
Aňrybaş derejede togalak towuk ýumurtgasy 250 dollara satyldy
Maryda arzan bahadan satylan ýumurtga käbir adamlaryň saglygyna zyýan ýetirdi
Türkmenbaşyda un, ýumurtga, pagta ýagy, mal etleri we towuk eti gytaldy
Eşitme ukybynyň azalmagynyň öňüni almak üçin tebigy maslahatlar
Aşgabatda käbiri bazar nyrhyndan-da gymmat subsidirlenen önümler satylyp başlandy
Tebigy D witamini we onuň adamyň saglygyna peýdalary