Eşitme ukybynyň azalmagynyň öňüni almak üçin tebigy maslahatlar

Eşitme ukybynyň azalmagynyň öňüni almak üçin tebigy maslahatlar

Gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Eşitme ukybynyň azalmagynyň öňüni almak üçin tebigy maslahatlary dykgatyňyza ýetirmekçi.

Eşidiş ukybynyň azalmagy we eşitme ukybyny güýçledirýän azyklar

Artişok

Kartoşka

Merjimek

Keşýu

Awokado

Bitter şokolad

Balyk

Keteni tohumy

Hoz

Kömelek

Ýumurtga

Süýt

Artişok: Eşitme ukybynyň ömürlik güýçli bolmagy üçin düzüminde polat elementi ýokary bolan azyklar sarp edilmeli. Şolardan biri hem artişok.

Kartoşka: Kadaly sarp edilen halatynda eşitme ukybynyň güýçlenmegini üpjün edýan kartoşka, gulagyň içindäki zaýalanmalaryň öňüni alýar.

Merjimek: Düzüminde B witamini we demir elementi ýokary bolan merjimek, gulak saglygynyň goralmagy taýdan iň peýdalydyr.

Awokado: Eşitme ukybynyň ýokarlamagy üçin magniý we foliý aşgary sarp edilmeli. Şol minerallar bolsa awokadonyň düzüminde ýokary mukdarda bar.

Balyk: Omega taýdan ýeterlik iýmitlenmek eşitme ukybynyň azalmagynyň öňüni alýar. Esasanda balyk sarp etmek maslahat berilýär.

Keteni tohumy: B witaminleriniň eşitme ukybynyň ýokarlandyrylmagy taýdan peýdasy uludyr. Esasan-da keteni tohumy ýaly azyklar sarp edilende gulagyň şaňlamagy, agyrylary we eşitme ukybynyň azalmagynyň öňi alynýar.

Hoz: Sagdyn gulak üçin hökmany suratda hoz sarp etmek maslahat berilýär. Hoz eşitme ukybynyň ýitirilmeginiň öňüniň alynmagy taýdan güýçli azyklardan biri. Hoz, omega we B witaminleri taýdan baý azyk. Kadaly sarp etmegiň netijesinde garrylyga bagly eşitme ukybynyň azalmagynyň öňüni almak mümkin.

Kömelek: Kömelek, düzüminde D witamini ýokary bolan peýdaly azyklardan biri. Gulagyň içinde köp sanly kiçi süňkler ýerleşýär. Şol süňkleriň sagdynlygyny bolsa D witamini üpjün edýär.

Ýumurtga: Belok çeşmesi bolan ýumurtganyň saýasynda gulagyň içindäki dokumalaryň ýitgi çekmeginiň öňi alynýar.

Süýt: Çagalykdan içilen süýt, ähli ýaşda eşitme ukybynyň ýokary bolmagy taýdan peýdalydyr.

Ginkgo dwulopast ekstrakty: Beýnidäki aýlanyş bozulmasy, kelle aýlanmasy, ýatkeşligiň azalmagy, konsentrasiýa, eşitme ukybynyň azalmagy, wertigo ýaly ýarawsyzlyklarda ginkgo dwulopas ekstrakty giňden ulanylýar. Ol beýnidäki aýlanyşy kadalaşdyrýar we damar dartylmalarynyň öňüni alýar.

Maýaron ösümligi

Maýaron ösümligi naharlarda aromat hökmünde ulanylýar, şol bir wagtda-da gan basynjyny aşaklatmaga we damar dykylmasyna peýaly bolandygy üçin maslahat berilýär.

Eşitme ukyby gulakda gan aýlanyşynyň azlygy sebäpli emele gelen bolsa, maýaron ösümligi peýdaly bolar.

Alma sirkesi

Alma sirkesi; magniý, sink, kaliý we marganes taýdan baýdyr. Şol minerallaryň haýsydyr biri ýetmezçilik edende, eşitme ukyby ýitirilýär.

Magniý bejergisi wagtlaýyn ýa-da yzgiderli sese bagly eşitme ukybynyň ýitirilmeginiň öňüni alýar. Şol sebäpli alma sirkesi hem eşitme ukybynyň ýitirilmeginiň bejergisinde ulanylýar.

Sogan

Sogan hem düzümindäki antioksidentler bilen kohlear ýitgi we eşitme ukybynyň azalmasynyň bejergisinde ulanylýan çözgütlerden biri. Yzgiderli we wagtlaýyn eşitme ukybynyň ýitirilmeginde peýdalanylýar.

Sogan gulaklardaky öýjük ýitgisiniň öňüni alýan güýçli antioksidentlar bilen biynjalyklygyň azalmagyny üpjün edýär.

Sogan gulak biynjalykaryna sebäp bolýan trawmalarda we gulak perdesiniň ýyrtylmalarynda ýa-da howa basynjynyň bejergisinde-de ulanylýar.

300 gram sogany 1 litr suwuň içinde 12 sagadyň dowamynda goýmaly. Soň şol suwdan her gün 3 käse içmek maslahat berilýär.

Ýene degişli makalalar

Içgeçme we iýmitlenme…
Tebigy B12 witamini we onuň adam saglygyna täsirleri
Göze peýdaly iýmitler
Iň gowy sowuk süýjülikler
Guýruk nerwi agyrysy we onuň bejergisi
Türkmen-eýran nebit däl söwda dolanyşygy 79% artdy