“Şwesiýa Urşa Taýar Bolmaly”

“Şwesiýa Urşa Taýar Bolmaly”

Şwesiýanyň Goranmak ministri Karl Oskar Bohlin, ýurdunda urşuň bolup biljekdigi barada duýduryş berdi.

Bohlin, Salen harby merkezinde geçirlen konferensiýada eden çykyşynda, Russiýa uly üns berilmelidigini nygtap, “Şwesiýada hem uruş turup biler, halkymyz urşa taýar bolmaly” diýdi.

Ýurdunyň 210 ýyldan bäri urşa girmändigine ünsi çeken ministr Bohlin, “Russiýanyň 2022-nji ýylyň fewral aýyndan bäri Ukraina guraýan hüjümleri Ýewropada onsuz hem agyr bolan howpsuzlyk meselesini has-da çuňlaşdyrdy.

Russiýanyň ýaňadandan ýaraglanma başlamagyna uly üns berilmeli. 210 ýyldan bäri parahatçylyk şwesiýanyň halkynyň esasy ýoldaşy boldy.Emma şu günki günde ýagdaý üýtgedi we howpsuzlyk meselesi agyrlaşdy.Men ministr hökmünde şwesiýanyň halkyna muny açyk aýdyň beýan etmeli” diýdi.

Şwesiýanyň hökümetiniň urşa girmek üçin taýar bolmalydygyny aýdan Bohlin, Ukrainanyň Russiýa garşy alyp barýan egilşiksiz tutumyndan görelde alýandyklaryny belledi.

Ýene degişli makalalar

Dört ýyldan soň Zelenskiý Ukraina üçin "parahatçylygy we adalaty" wada berdi
Paýhaslar
20-nji dekabrda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Ýurdumyzyň teatrlarynda Hemişelik Bitaraplyk—dost-doganlyk binýady atly hepdelik geçiriler
Werstappeniň 70-nji ýeňşi, çempion soňky ýaryşda belli bolar
“Günäkärleriň” taryhy rekordy
Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy