Şwesiýada adamyň derisine COVID-pasportly çipler ornaşdyrylyp başlandy

Şwesiýada adamyň derisine COVID-pasportly çipler ornaşdyrylyp başlandy

Şwesiýada raýatlaryň derisine COVID-pasportly çipler ornaşdyrylyp başlandy. Bu barada gazeta.ru habar berýär.

Implant Epicenter kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi. Tüwi dänesinden uly bolmadyk çip deriniň aşagyna şprisiň kömegi bilen girizilýär. Bu iş birnäçe sekunt dowam edýär, ol agyrysyz we işläp düzüjileriň aýtmagyna görä, howpsuzdyr. Zerur bolan ýagdaýynda implanty aýyrmak bolýar.

Çiplerde galtaşyksyz töleglerde kredit kartlaryndaky ýa-da ykjam telefonlardaky ýaly Near Field Communications (NFC) tehnologiýasy ulanylýar. Implantatlar beýleki gurluşlaryň okap biljek maglumatlaryny saklaýarlar, ýöne şeýle çipler maglumatlary özbaşdak okap bilmeýärler. Çipden uly göwrümli bolmadyk maglumatlary ýakyn aralykda okap bolýar, maglumatlar elektromagnit tolkunlarynyň kömegi bilen iberilýär.

Bu tehnologiýanyň özi täze däldir, ýöne deriniň aşagyna ornaşdyrylyp bilinjek mikroçipler derrew peýda bolmady. Epicenter 2015-nji ýyla çenli gurluşyň iş wersiýalaryny döretdi. Teoriýada çip kredit karty, açar hökmünde ulanylyp ýa-da onuň kömegi bilen printer dolandyrylyp bilner.

Epicenter implanty başam barmak bilen süýem barmagyň arasyndaky derä ornaşdyrylýar. Ýöne Aftonbladet tarapyndan ýerleşdirilen wideoda görkezilişi ýaly, çibi bedeniň dürli bölekleriniň derisiniň aşagyna ýerleşdirmek bolar.

AFP-niň maglumatlary boýunça, 2015-nji ýyldan 2018-nji ýyl aralygynda 3 müňe golaý şwesiýaly bedenine kiçijik çipleri goýdy. Dekabrda Şwesiýada eýýäm 6 müňe golaý adamyň özüne çip oturdandygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Berdinyýaz Rejepmedowyň Konsert dialogy
Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana sapary, Aşgabatdaky K-pop festiwaly süýşürildi, howanyň +46° çenli gyzmagyna garaşylýar we beýleki habarlar
Adam Jekson, Baýlygyň 10 syry (29-njy bölüm)
Stambuldaky Gazuv-Agtaryş Işleri
Zidan ata boldy
“Milanam”, “Interem” ýeňdi, çempion soňky tapgyrda belli bolar