“Milanam”, “Interem” ýeňdi, çempion soňky tapgyrda belli bolar

Futbol boýunça Italiýanyň çempionaty “Serie A”-da çempionlyk ýaryşynyň ýeňijisi soňky tapgyrda belli bolar.Sanawyň lideri “Milan” öz meýdançasynda “Atalantany” kabul etdi.Esasan hem 2-nji ýarymy çekeleşikli geçen oýunda “Milan” 2-0 ýeňiş gazandy. “Milana” ýeňiş getiren gollary toparyň çep gyraky futbolçylary Rafael Leao (56) bilen öz jerime meýdançasyndan alyp giden topuny derwezä gönükdiren Teo Hernandes (75) geçirdi. Şeýlelikde, “Serie A”-da 15 oýundan bäri ýeňilmän gelýän “Milan” (10 ýeňiş, 5 deňlik) utugyny 83-e çykardy. “Milandan” soň 2-nji ýerde barýan “Inter” hem myhmançylykda “Kaliari” bilen duşuşdy.

Oýunda “Inter” 3-1 hasabynda ýeňiş gazandy. “Interiň” gollaryny Darmian (25) bilen Lautara Martines (51, 84) öz atlaryna ýazdyrdylar.Bu ýeňişden soň “Inter” topary 2 utuklyk aratapawudy gorap, çempionlyk umydyny soňky tapgyra çenli saklamagy başardy. 38-nji tapgyrda “Milan” myhmançylykda “Sassuolo” bilen, “Inter” bolsa öz meýdançasyna “Sampdoriýa” bilen duşuşar. “Milana” çempionlyk üçin bir utuk hem ýeterlik bolar.

Ýene degişli makalalar

“Milan” ýeňlişsiz ýeke-täk topar
“Serie A”-da liderlik gezegi “Milanda”
Kembek eden “Milan” birinjiligini saklamagy başardy
“Inter” ýyly lider tamamlar
“Inter”, “Milan” hem-de “Napoli” iň kiçi hasap bilen ýeňiş gazandy
“Interden” soň “Milan” hem soňky minutlarda ýeňşi elden giderdi