Şygyrlaryň nesihatdyr Pyragy!

Şygyrlaryň nesihatdyr Pyragy!

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Bagtyýarlyk etrabynyň kitaphana şahamçasy bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Şygyrlaryň nesihatdyr Pyragy! ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlary döwrüniň iň wajyp garaýyşlaryna eýlenen pähim parasada ýugrulan eserleriniň umumadamzat pelsepesini siňdiren pikirleri kalplara ýetirmegiň täsirli ýoluny tapandygy barada belläp geçdiler. Şeýle-de Magtymguly Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan, terbiýeçilik ähmiýetli goşgulary dogrusynda, ýaşlara her bir ädimde ýol ýörelge mekdebi bolup durýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda Magtymguly Pyragynyň many-mazmunly şygyrlaryny öwrenmäge we dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne atly täze sahna oýny taýýarlanylýar
Magtymguly Pyragy - türkmeniň milli şahyry
Kitap ruhy hazyna
Bagtyýar nesiller-watanyň daýanjy
Medeni taryhymyz, ruhy mirasymyz
Magtymguly Pragy
Türkmenistanyň Astrahandaky konsullygynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirildi