Syýahatçylary ýer belletmek arkaly kabul eder

Kanallary bilen meşhurlyk gazanan Italiýanyň Wenesiýa şäherine barjak myhmanlar öňünden ýer belletmek arkaly kabul ediler. Şeýle hem geljek ýyldan başlap, şähere giriş tölegli bolar. Şäheriň meri Luidji Brunýaro tomus aýlaryndan başlap, şähere geljek myhmanlaryň öňünden ýer belletmelidigini aýtdy.

Bu düzgün ilkinji gezek synag maksady bilen ýola goýlar. Şeýle hem Brunýaro bu düzgüniň şäherdäki adam sanynyň köplüginiň öňüni alyp, deňagramly syýahatçylyk üçin amatly boljakdygyny aýtdy. Şäheriň munisipalitetiniň syýahatçylykdan jogapkär wekili Simone Wenturini 2023-nji ýyldan başlap, şähere girişiň tölegli boljakdygyny aýtdy.

Italýan metbugaty geçen hepdäniň ahyrynda şähere bir günde 140 müň adamyň gelendigini habar berdi. Şäheriň ýerli häkimiýetiniň ýolbaşçylary 2019-njy ýylda şeýle karara gelipdiler.Bu karar 2020-nji ýylda pandemiýanyň ýüze çykmagy bilen yza süýşürilipdi.

Sapargeldi BAÝRAMGELDIÝEW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Şäher merkezine girmek tölegli edildi
Gaýykly gezelenç edilýän owadan şäherler
Polýak poçtasy döredilýär
Italiadaky awtobus heläkçiliginde 21 adam ýogaldy
Koştepa kanalynyň böwsülmegi netijesinde, suw köp ýeri basdy
MHM, prokuratura işgärleri daýhan rysgalyna 'dawa salýar'
Maryda suw ýetmezçiligi kärendeçileriň özara dawalaşmagyna sebäp bolýar