Syýahatçylaryň şäheri

Dünýäniň syýahatçylyk babatda ösen ýerleriniň biri hem Italiýanyň Rim şäheridir.Paýtagt şäher syýahat etmäge amatly, jahankeşdeler üçin iň gowy ýerleriň biri hasaplanýar.Baý medeniýeti hem-de taryhy binalary bu şäheriň esasy aýratynlygydyr.

Rimiň meşhur Kolizeý arenasy, Panteon binasy, Trewi suw çüwdürimi syýahatçylaryň iň köp barýan ýerleridir.Myhmanlar medeni ýadygärliklerden başga-da, gowrulan artikoklardan, meşhur italýan tagamlary pizzadyr spagettiden uly lezzet alýarlar. Şäheriň köçelerinde myhmanlar üçin niýetlenen açyk naharhanalaryň, kafeteriýleriň, gelato doňdurmasy satylýan dükanlaryň birnäçesi bar.

Piazza Navona suwly meýdançasy hem jahankeşdelerde ýatdan çykmajak täsir galdyrýar. Borghese muzeýi Rimiň çeper eserleri hem-de gadymy medeniýeti bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berýär. Ýolagçy gatnawynda Rimiň Leonardo da Winçi halkara howa menzili, Termini demir ýol menzili hem-de şäherara awtobuslary, metrodyr tramwaýlary we taksileri syýahatçylara ýokary derejede hyzmat edýär. Rim şäheriniň taryhy ýadygärlikleriniň birnäçesi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilendir. Syýahatçylyk babatda öňdäki orunlary eýeleýän gadymy şäher her ýylda millionlarça jahankeşdäni özüne çekýär.

Ýene degişli makalalar

TÜRKMEN SURATKEŞI LEONARDO DA WINÇINIŇ PYNHAN ŞEKILLERINIŇ SYRYNY ÖWRENÝÄR
Paýhaslar
3 muzeý, 3 şäher
Ekoişjeňler Luwrdaky Mona Lizanyň portretine çorba dökdüler
6-njy iýul Bütindünýä kardiolog lukmanlarynyň güni
Merlin Monronyň portreti XX asyryň iň gymmat sungat eseri boldy