Merlin Monronyň portreti XX asyryň iň gymmat sungat eseri boldy

Dünýä belli amerikaly sungat işgäri suratkeş, režissýor, prodýuser, fotosuratçy Endi Warholyň 1964-nji ýylda çeken meşhur “Shot Sage Blue Marilyn” kartinasy rekord baha satyldy.Nýu Ýork şäherindäki Christie’s auksion öýünde geçirilen auksionda kartina 195 million dollara satyn alyndy. Şeýlelikde, bu kartina XX asyryň iň gymmat sungaty eseri hökmünde taryha girdi.

Bu ugurda ozalky rekord Pablo Pikassonyň “Alžirli zenanlar” atly kartinasyna degişlidi (179,4 million dollar).Pikasso şol eserini 1955-nji ýylda çekipdi.

200 million dollara golaý baha satylmagyna garaşylan eseri birnäçe sungat galereýasynyň eýesi bolan Larri Gagosianyň satyn alandygy habar berildi. Kartinanyň satuwyndan gazanylan 195 million dollaryň Şweýsariýadaky haýyr-sahawat gaznasynyň haýryna geçiriljekdigi we dünýäniň dürli ýerlerindäki çagalaryň ylymly-bilimli bolmaklary ugrunda sarp ediljekdigi bellenilýär.

Bu auksiondan soň Endi Warhol bir eserine iň köp pul tölenen amerikaly sungat işgäri boldy. Warhol bu ugurda öz dosty Žan-Mişel Baskiýanyň 110 million dollarlyk rekordyny täzeledi.

Endi Warholyň “Merlin Monro” portreti dünýäniň iň gymmat ikinji sungat eseri boldy. Bu ugurda rekord dünýä belli suratkeş Leonardo da Winçiniň “Salvator Mundi” atly kartinasyna degişli bolup, ol 450 million dollara satylypdy.

Ýene degişli makalalar

1,5 milliard dollara satyldy
Pikassonyň kartinasy satylar
Pikassonyň nakgaşlyk eseri 24,6 million dollara satyldy
Ispaniýaly Karrenýo-Busta Olimpiýa oýunlarynda bürünç medal üçin oýunda Jokowiçi utdy
Tokiodan medalsyz gaýtdy
Gresiýada Mondrian bilen Pikassonyň 2012-nji ýylda ogurlanan kartinalary tapyldy