Syýahatçylyk Hepdeligine Bagyşlanan Gepleşik

Syýahatçylyk Hepdeligine Bagyşlanan Gepleşik

Dünýäde 20-nji asyr bilen bilelikde ýaýbaňlanýan syýahatçylyk işleri dürli ýurtlaryň raýatlarynyň täze ýerleri we medeniýetleri tanamagyny, ýyllyk dynç alyşlaryny başga ýerlerde geçirmeklerini üpjün etdi. Döwrümizde medeniýetden deňize, saglygy goraýyşdan sporta çenli ençeme pudakda syýahatçylyk ösýän bolsa, Türkiýe hem syýahatçylykda uly ösüş edýär. Geografik aýratynlyklary saýasynda ýurdumyz dört pasyl syýahatçylaryň ünsüni çekýär.

Saglyk syhahatçylygynda bolsa Türkiýe dünýäniň öňdebaryjy ýurtlaryndan biri. 2023-nji ýylda saglyk hyzmatlaryny almak üçin ýurdumyza gelen syýahatçylaryň sany 1,398,504.

Dünýäniň öňdebaryjy syýahatçylyk merkezlerinden birine öwrülmegi maksat edinýän Türkiýe üçin degişli döwlet guramalary, hususy pydak, ýurdumyzyň meýletin syýahatçylyk ilçileri, raýatlarymyz we ýurdumyzdan gowy ýatlamalar bilen giden syýahatçylar goşant goşarlar.

Täze dynç alyş meýilnamalarynyň düzülýän günlerinde arassa tebigaty, biri-birinden owadan plýažlary, müňlerçe ýyla uzap gidýän medeni baýlyklary, muzeýleri we dillere dessan bolan türk aşhanasy bilen ýurdumyz dünýäniň çar tarapyndan syýahatçylara garaşýar.

Ýene degişli makalalar

Kiçijik h e k a ý a l a r
Warşawda türkmen resmilerine sorag beren hukuk goraýjy jogaplardan kanagatlanmandygyny aýdýar
Kassada ýok’ diýilýän uçar biletleri elden iki esse gymmada satylýar (Wideo)
Türkmen agitatorlary "Günbatary we ABŞ-ny" ýurda duşmançylykda aýyplaýar, halky prezidentiň daşyna jem bolmaga çagyrýar
Gazagystanyň wagtlaýyn prezidenti işe girişdi we şobada Astananyň adyny Nursoltana öwürmegi teklip etdi
Bagyşlamak