Türkmen agitatorlary "Günbatary we ABŞ-ny" ýurda duşmançylykda aýyplaýar, halky prezidentiň daşyna jem bolmaga çagyrýar

Türkmen agitatorlary "Günbatary we ABŞ-ny" ýurda duşmançylykda aýyplaýar, halky prezidentiň daşyna jem bolmaga çagyrýar

Ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlara görä, Türkmenistanda häkimiýetler prezidentiň saglyk ýagdaýy barada iýulyň aýagynda ýaýran habarlaryň fonunda halka Günbatar ýurtlaryny we Birleşen Ştatlaryny duşmançylykda aýyplaýan äheňde çagyryş edip başlady.Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy ýurt içinden 6-njy awgustda habar berdi.

Onuň maglumatlaryna görä, Türkmenistanda baýramçylyklara görülýän köpçülikleýin çärelerde hökümet wagyzçylary adamlary prezident Berdimuhamedowyň daşynda jem bolmaga çagyrýar hem-de "Günbatar ýurtlary bilen Amerikanyň Türkmenistana zyýan ýetirip, ýykmak isleýändiklerini" aýdýar. “Çärelerde wagyzçylar olara gatnaşyjylary “hormatly arkadagyň” daşynda jem bolmaga çagyrýar” diýip, habarçy aýtdy. “Sebäbi daşarky duşmanlar, ýagny Günbatar we Amerika biziň eziz watanymyza zyýan ýetirip ony ýykmak isleýär” diýip, ol ýurt boýunça soňky geçirilýän çärelerde çykyş edýän wagyzçy agitatorlaryň gaýtalaýan sözlerini sitirledi.

Regiony yzarlaýan ekspertler Günbatar ýurtlarynyň, şol sanda Birleşen Ştatlaryň Türkmenistana bolan duşmançylygyny görkezýän hiç hili alamatyň ýokdugyny aýdýarlar.Daşarky duşman ritorikasy Türkmenistanyň içerki syýasatynda tas ilkinji gezek ulanylýar.

Habarçynyň sözlerine görä, baýramçylyklara köpçülikleýin taýýarlyk çärelerine, ýagny “marşirowkalara” gatnaşýan resmiler “şol sebäpden, duşmanlar bizdäki ykdysady kynçylyklary aňmaz ýaly, türkmen halky özüni bagtly we bagtyýar alyp barmaly, owadan geýinmeli” diýýärler.

Hökümet wagyzçylary bu problemalaryň (ykdysady kynçylyklaryň red.) gysga wagtyň içinde soňlanjakdygyny, sebäbi Arkadagyň’ bu problemalary çözjekdigini aýdýar. “Onsoň biz edil behiştde ýaly ýaşarys” diýip, hökümet wagyzçylary, habarçynyň maglumatlaryna görä, sözleriniň üstüni ýetirýärler.

Türkmenistanyň çar künjeginde döwlet baýramçylyklarynyň öňýany olara, il arasynda “marşirowka” atlandyrylýan köpçülikleýin mejbury taýýarlyk çäreleri geçirilýär. “Olar (wagyzçylar red.) Amerikanyň we onuň günbatarly ýaranlarynyň tutuş dünýäde başly-baratlyga we eden-etdilige sebäp bolýandygyny, olaryň Gruziýadaky we Ukrainadaky ýaly mämişi rewolýusiýalary gurnaýandygyny aýdýarlar” diýip, habarçy belleýär. Şeýle ritorika Türkmenistanyň içerki syýasy giňişliginde ilkinji gezek ulanylýar.

Azatlyk Radiosy türkmen hökümetiniň wagyzçylarynyň “daşarky duşman” baradaky çykyşlary boýunça soraglar bilen Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýere ýüz tutdy: “Bu ýerde örän köp täzelik bar.Birinjilik bilen, mundan ozal Türkmenistanda Günbatara garşy duşmançylyk asla bolmandy.

Bu ýurduň tutuş Bitaraplyk syýasatyna garşy gelýär.Türkmenistan bitarap döwlet bolansoň, onuň dünýäniň hiç ýerinde duşmany bolmajak ýaly.Biz bilýäris, meselem, türkmen resmileri Ýewropa Bileleşigi bilen ençeme iş salyşýar.

Sebäbi, bilýärsiňiz, Ýewropa Bileleşigi, bir gün Trans Hazar gaz geçirijisi gurlup, türkmen gazy satyn alnar öýdüp umyt edýär.Mundan bir aý ozal Federika Mogerini Türkmenistanda bolup, ÝB bilen Türkmenistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklar barada gürrüň etdi. ÝB gürrüňsiz Günbatar hasaplanýar.

Onda nädip Günbatar birden duşmana öwrüldi?Amerika barada aýtsak, Amerikanyň Türkmenistanda asla yzy ýok diýen ýaly” diýip, Panniýer aýtdy.Ekspert türkmen prezidentiniň saglyk ýagdaýy baradaky gürrüňleriň Günbatar ýa-da Birleşen Ştatlaryň media organlaryndan däl-de, ilkibaşda rus metbugatynda ýaýradylandygyna ünsi çekdi hem-de rus metbugatynda ýaýran habar üçin Günbatar bilen Amerikanyň alalap aýyplanýandygy barada sorag berdi.

Galyberse-de, Panniýer Günabatara duşmançylyk propagandasynyň ýurduň içinden däl-de ýurduň daşyndan guramalaşdyrylýan bolmak ähtimallygy barada öz garaýşyny beýan etdi. “Men bu [Türkmenistandaky täze Günbatar duşmançylygynyň] belli bir derejede daşardan dolandyrylyp-dolandyrylmaýandygy bilen gyzyklanmaly bolýaryn.

Bagyşlaň, konspirasiýa teoriýasy ýaly eşidilýändir welin, bu türkmen propagandasy däl-de rus propagandasy ýaly bolup eşidilýär.Biz bilýäris, Russiýa Türkmenistanda täsirini artdyrýar” diýip, Panniýer aýtdy. “Bu [Türkmenistandaky Günbatar duşmançylygy] Aşgabadyň öz oýlap tapan zady däl-de, Moskwanyň soraýan zady ýaly bolup görünýär” diýip, Panniýer sözüne goşdy.

Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdeleri Günbatar ýurtlaryny we ABŞ-ny daşarky duşman aňlatmasy bilen ilteşdirmeýär.Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.

Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Ukrainadaky rus agressiýasyny agzamazdan, ukrain çagalaryna ýardam iberýär
Türkmen ymamlary baýram namazyna baran jemagata Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitabyny wagyz etdi
Kenarýaka döwletler Hazar deňzine keseki harby goşun salmazlyk wadalaryny tekrarlady
Ekspert: Kreml türkmen gazynyň ÝB iberilmegine päsgelçilik döretmek üçin Aşgabatdan 'aslyşýar'
Serdar Berdimuhamedow Özbegistana sapar edip, prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy
Berdimuhamedow işden çekilmek niýetini mälim edensoň, saýlaw kampaniýalaryna badalga berildi
Türkmenistan: irki prezidentlik saýlawlary türkmen režiminiň dowamatynyň’ kepilimi?