Türkmenistan Ukrainadaky rus agressiýasyny agzamazdan, ukrain çagalaryna ýardam iberýär

Türkmenistan Ukrainadaky rus agressiýasyny agzamazdan, ukrain çagalaryna ýardam iberýär

Türkmenistan şu aýda bir ýyldan gowrak wagt bäri Russiýanyň esassyz çozuşyna sezewar bolýan ukrain halkynyň çagalaryna ynsanperwer ýardam ibermek kararyna geldi. Bu barada Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji martda degişli buýruga gol çekdi.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, ynsanperwer ýardam Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan iberilýär. Türkmenistanyň Ukraina gumanitar ýardam hökmünde iberýän derman serişdeleri, harytlary we azyk önümleri Saglyk ministrligi, Dokma senagaty ministrligi hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan üpjün ediler.

Türkmenistanyň döwlet habarlar agentliginiň (TDH) elektron neşirinde çap edilen degişli habaryň sözbaşynda Ukraina döwletiniň ady agzalmaýar, muňa derek, ynsanperwer ýardamyň ukrain halkynyň çagalaryna iberiljekdigi aýdylýar. Şol bir wagtda, resmi habardan mälim bolşuna görä, prezidentiň gol çeken degişli buýrugynda we döwlet metbugatynyň habarynda Ukrainada dowam edýän rus agressiýasy agzalmaýar.

Azatlyk Radiosy 14-nji martda Türkmenistanyň ukrain çagalaryna iberýän ynsanperwer ýardamy bilen bagly maglumat almak üçin Ukrainanyň Aşgabatdaky ilçihanasyna jaň etdi. Ilçihana bu ýardamlary tassyklap, iberilýän ýardam bukjasynyň Ukrainanyň territoriýasyna aşyrylmagy babatda türkmen tarapy bilen hyzmatdaşlyk edýändigini mälim etdi we gumanitar kömegiň martyň ahyrlaryna çenli Ukraina gowşurylmagynyň mümkindigini belledi.

Şeýlelikde, Türkmenistan Moskwanyň Ukraina esassyz goşun girizmeginden bäri geçen bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda ikinji gezek Ukraina ynsanperwer ýardam iberýändigini yglan edýär. Mundan ozal, Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi 2022-nji ýylyň aprelinde şeýle çäreleri yglan edipdi.

Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa boýunça eksperti Brýus Panniýer 14-nji martda Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Türkmenistanyň Ukrainada dowam edýän rus çozuşy babatyndaky pozisiýasy nukdaýnazaryndan täze yglan edilen ýardamlara syn berdi.

Panniýer Türkmenistanyň “nobatdaky jomartlygyny” türkmen hökümetiniň özüne mahsus “ätiýaçdan geljegiň gamyny iýmek” endikleri bilen düşündirdi. Eksperte görä, türkmen hökümeti "gelejekde birden şertler üýtgäýse" diýen pikir bilen "halkara jemgyýetçiliginiň öňünde özüni keremli we özgeleriň çekýän jebir-sütemine, hamala, biparh galmaýan hökümet ýaly" görkezmäge çalyşýar.

“Türkmen hökümetiniň Ukrainany, ýa-da Russiýanyň Ukraina çozmagyny, Ukrainada barýan urşy agzamazdan ukrain halkynyň çagalaryna ýardam yglan etmegi, meniň pikirimçe, türkmen hökümetine mahsus ätiýaçdan geljegiň gamyny iýmek’ endigi ýaly bolup görünýär.

Birden ýagdaýlar Russiýanyň bähbidine tamamlanmadyk halatynda, [birden ýagdaýlar üýtgäýse diýen pikir bilen], olar Ukraina ýardam iberenleriň hatarynda’ hasaba alynmak isleýärler.Galyberse-de, yglan edilen ýardam bilen, türkmen hökümetiniň, soňy bilen, halkara jemgyýetçiliginiň öňünde dili uzyn bolýar” diýip, ekspert aýtdy.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynda Russiýanyň Ukrainadaky agressiýasy ýazgarylyp geçirilýän ses berişliklere gatnaşmaýar. Şol bir wagtda, bir ýyldan gowrak wagtyň dowamynda türkmen hökümetiniň hiç bir agzasy, ýa-da döwlet eýeçiligindäki türkmen media serişdeleriniň hiç haýsy Ukrainada barýan urşy agzamady.

“Aýdaly bir ýyl soň, ýa-da bäş ýyl soň, türkmen hökümeti elmydama biz hem Ukraina ynsanperwer ýardam iberdik, haçan-da olarda problema bolanda’ diýip biler. Şeýdip, olar özlerini, hamala, özge ýurtlarda ýaşaýan adamlaryň jebir-jepasyna biparh galmaýan keremli hökümet hökmünde görkezip bilýärler” diýip, ekspert aýtdy.

Türkmen hökümeti daşary ýurtlarda bolup geçýän betbagtçylyklara gynanç bildirýär, ýeri gelende daşary ýurt döwletlerine ynsanperwer ýardam iberýär. Ýöne, şol bir wagtda, öz halkynyň çekýän “jebir-sütemine”, şol sanda türkmen ilatynyň duçar bolýan ykdysady we durmuş kynçylyklaryna, galyberse-de, ýurduň çäginde bolup geçýän heläkçiliklere biperwaý galmakda, ýa-da olara “göz ýummakda” aýyplanýar.

Türkmen hökümeti geçen aý Türkiýede bolup geçen betbagtçylykly ýer sarsgynlary zerarly türk halkyna ynsanperwer ýardamlary iberdi. Türkmenistanyň raýatlarynyň ençemesi ýurt ýolbaşçylarynyň agyr günde özge halklara duýgudaşlyk bildirmegini hem-de daşary ýurt döwletlerine ynsanperwer ýardam ibermeklerini goldaýandyklaryny aýdýarlar, ýöne şol bir wagtda özleriniň agyr durmuş şertlerine “göz ýumulmagyndan” nägile bolýarlar.

Merkezi Aziýa boýunça ekspert Brýus Panniýer her gezek Türkmenistanyň hökümeti daşary ýurt döwletlerine ynsanperwer ýardam yglan edende özüniň geň galýandygyny, ýogsa türkmen ilatynyň indi ençeme ýyl bäri ykdysady kynçylyklary, azyk gytçylygyny başdan geçirýändigini, adamlaryň bankomatlardan pul nagtlaşdyrmak üçin birnäçe sagat nobatlarda garaşýandyklary barada maglumatlaryň bardygyny aýtdy.

Galyberse-de, ukrain halkyna iberilýän gumanitar ýardamlar Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyny göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan yglan edilse-de, ýardam bukjasynyň üpjünçilik işleri ýurduň saglyk we dokma ministrliklerine hem-de telekeçileriň birleşmesiniň üstüne ýüklendi.

Mundan ozal, Gurbanguly Berdimuhamedowyň haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan ýygnalan ynsanperwer ýardamlar üçin býujet işgärlerinden pul toplandy. Geçen aý Balkan welaýatynda Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan birnäçe býujet işgäri özleriniň aýlyk haklarynyň ýarpysyna çenli möçberiniň haýyr-sahawat hökmünde Gurbanguly Berdimuhamedow gaznasyna eçilmäge mejbur edilendiklerini gürrüň berdiler.

Türkmenistanyň hökümetiniň ukrain çagalary üçin yglan eden ynsanperwer ýardamy düýbi Haagada ýerleşýän Halkara jenaýat kazyýetiniň Russiýanyň Ukraina çozmagy bilen baglanyşykly uruş jenaýatlary aýyplamalary boýunça birnäçe rus resmisine garşy jenaýat işini açmagy planlaşdyrýan wagtlaryna gabat gelýär.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Beýik Britaniýanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi. Aşgabat bilen London birek-birege näme teklip edip bilerler?
Stoltenberg Ukraina Berilýän Goldawyň Artdyrylmagyny Isledi
Türkmenistan bilen Ukraina atçylyk ugrunda hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy
Putin Harkowda Howpsuz Ara Zolak Döretjekdiklerini Aýtdy
Aşgabat başga dine uýýan adamlary 'gysmagyny güýçlendirýär'
Türkmenistandan çykyp bilmedik we daşary ýurtda galan raýatlar resmilerden hemaýat soraýarlar
Rus Goşunlary Hüjümlerini Dowam Etdirýär