Täjigistan Türkmenistan bilen demir ýol aragatnaşygy boýunça ylalaşygy tassyklady

Täjigistan Türkmenistan bilen demir ýol aragatnaşygy boýunça ylalaşygy tassyklady

Täjigistanyň Parlamenti respublika bilen Türkmenistanyň arasynda demir ýol aragatnaşygy hakynda ylalaşygy tassyklady. Bu barada Sputnik Täjigistan agentligi Majlis Oli-niň metbugat gullugyna salgylanyp habar berýär.

Şeýlelikde, Täjigistan we Hazar deňziniň kenarynda ýerleşen Türkmenbaşy porty demir ýol arkaly birleşdiriler. Deputatlaryň bellemegine görä, ylalaşyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkider we ýurtlaryň arasyndaky haryt dolanyşygyny artdyrmaga ýardam eder. Üstaşyr demir ýollary we Türkmenbaşy porty Täjigistanyň Hazar deňzine çykalgasyny üpjün eder we bellenilen ugurda Ýewropa bilen ulag aragatnaşygyny ýola goýmaga ýardam eder.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň we Täjigistanyň ylmy jemgyýetçiliginiň wekilleri hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň Özbegistan Respublikasyna iş sapary
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI GDA-NYŇ PARLAMENTARA ASSAMBLEÝASYNYŇ MEJLISLERINE GATNAŞDY
Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistan Respublikasynyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti S.G.Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Ş.M.Mirziýoýewiň bilelikdäki Beýannamasy
Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy
Serdar Berdimuhamedow Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy bilen duşuşdy