Täjigistanda mekdepler gurmak bilen meşgullanýan Türkmenistanyň ilçihanasyny Duşenbe salgytlar tölemekden boşadýar

Täjigistanda mekdepler gurmak bilen meşgullanýan Türkmenistanyň ilçihanasyny Duşenbe salgytlar tölemekden boşadýar

Täjigistanyň hökümeti ýurtda mekdepler gurýan Türkmenistanyň ilçihanasyny 2022-nji ýylda salgytlar tölemekden boşadýar diýip 10-njy dekabrda “Türkmenistan:altyn asyr” habar berdi.

Täjigistanyň Dustin etrabynda aglabasy etnik türkmenler ýaşaýan Ergaş Sultonow obasynda 540 orunlyk mekdep gurlar.

Şol mekdebe türkmen klassyk edebiýatynyň pähimli şahyry Magtymguly Pyragynyň ady dakylar.

Mundan başga-da, müşteri we esasy kärendeçi goşmaça baha hem girdeji salgytlaryndan hem halas ediler. Şeýlede Täjigistandaky gurluşyk desgalary üçin getirilen harytlar we önümler hem bu salgytlardan gutylar.

Täjigistanyň Hatlon welaýatynda guruljak mekdebiň taslamasy hem gurluşygy üçin tenderi Türkmenistanyň gurluşyk hem heýkeltaraşçylyk ministrligi 2018-nji ýylyň iýunynda yglan edipdi.The post Täjigistanda mekdepler gurmak bilen meşgullanýan Türkmenistanyň ilçihanasyny Duşenbe salgytlar tölemekden boşadýar first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

02.11.2017 | Türkmenistan Täjigistan: ikitaraplaýyn we sebit ähmiýetli strategiki hyzmatdaşlyk
Türkmenistanyň ilçisi Täjigistanyň bilim we ylym ministri bilen duşuşdy
Täjigistan Türkmenistanyň ilçihanasyny mekdep gurluşygy sebäpli salgytlardan boşadýar
Türkmenistan Täjigistanda mekdep gurar
Iki ýurduň arasyndaky 'ynjyk gatnaşyklaryň' fonunda, Täjigistanda türkmen medeniýet günleri geçirilýär
Ak öý, Berdimuhamedowyň kitaplary... Türkmenler Täjigistana näme getirdi?