Täjigistanyň Prezidenti Türkmenbaşy deňiz portuna baryp gördi

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenbaşy deňiz portuna baryp gördi

Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon Türkmenistana döwlet saparynyň çäginde Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna baryp gördi.

Rahmon Türkmenbaşy şäherine kärdeşi Gurbanguly Berdimuhammedow bilen ugrady.

Deňiz porty bilen tanyşlygynyň çäginde täjik lideri Täjigistanyň harytlaryny we önümlerini daşamakda netijeli hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada portuň ýolbaşçylary bilen söhbet etdi.Bu merkezi beýleki ýurtlaryň bazarlaryna çykmak üçin ulanmagyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Taraplar deňiz portundan Täjigistanyň dürli harytlaryny import we eksport etmek meselesine garadylar. Şunuň bilen baglylykda, Emomali Rahmon Ulag ministrligine, Senagat we täze tehnologiýalar ministrligine we Täjik demir ýollaryna bu portdan netijeli peýdalanmak baradaky tekliplerini işläp taýýarlamagy tabşyrdy.

Döwlet saparynyň ahyrynda, 6-njy awgustda Emomali Rahmon Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Awazada geçiriljek resmi däl sammitine gatnaşar.

Ýene degişli makalalar

“Özüni tanyşdyrmak we abraýy berkitmek”. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň liderleri näme barada we näme üçin kitap ýazýarlar
Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň liderleri “Çolpon-Ata” Jarnamasyna gol çekdiler
PAÝTAGTYMYZDA DÖWÜRLERIŇ WE SIWILIZASIÝALARYŇ ÖZARA ARABAGLANYŞYGY PARAHATÇYLYGYŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY ATLY HALKARA FORUMY BAŞLANDY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Aşgabatda geçirilen halkara forumdaky çykyşy
Aşgabatda Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy parahatçylygyň we ösüşiň binýady atly halkara forumy öz işine başlady
Türkmenistanyň Prezidenti daşary ýurtly kärdeşleriniň birnäçesini Magtymgulynyň 300 ýyllygy mynasybetli ýubileý medal bilen sylaglady
Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň Liderleri Aşgabada geldiler