Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasaryny kabul etdi

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasaryny kabul etdi

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine gelen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Taňryguly Atahallyýewi kabul etdi.

Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini bellemek bilen, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylmy-tehniki ugurlarda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hökümetara toparynyň işiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda we iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm gural bolup hyzmat edýändigi nygtaldy.

Ýene degişli makalalar

Duşenbede Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirilýär
Täjigistanyň Prezidenti Duşenbede Türkmenistanyň wise-premýerini kabul etdi
Kakalarynyň gyzlary, ýa-da Merkezi Aziýada prezident gyzlarynyň öňe çykmagy
Duşenbede Türkmenistan bilen Täjigistanyň hökümetara toparynyň mejlisi geçirilýär
Aşgabatda türkmen-täjik Hökümetara topluşygynyň 13-nji mejlisi geçiriler
Prezident ýurduň çar künjegine gelen siliň oňaýsyz täsirini agzamazdan, häkimlerden bol hasyl talap edýär