Duşenbede Türkmenistan bilen Täjigistanyň hökümetara toparynyň mejlisi geçirilýär

Duşenbede Türkmenistan bilen Täjigistanyň hökümetara toparynyň mejlisi geçirilýär

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 34-nji martda geçirilýän on dördünji mejlisine gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine bardy.

Duşenbe Halkara howa menzilinde resmi wekiliýeti Täjigistanyň Premýer-ministriniň orunbasary Ziyozoda Sulaymon we beýleki ýokary wezipeli adamlar mähirli garşy aldylar. Bu barada Täjigistanyň Energetika we suw serişdeleri ministrligi habar berýär.

Mejlisde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek, söwda-ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmak, şeýle hem ýurtlaryň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmak meýilleşdirilýär.

Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-täjik bilelikdäki hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi 2024-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda Aşgabatda geçirildi.

Ýene degişli makalalar

Duşenbede Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň 14-nji mejlisi geçirilýär
Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasaryny kabul etdi
Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 17,1% artdy
Prezident ýurduň çar künjegine gelen siliň oňaýsyz täsirini agzamazdan, häkimlerden bol hasyl talap edýär
05.07.2019 | Resmi habarlar
Resmi habarlar