Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 17,1% artdy

Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 17,1% artdy

Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 2025-nji ýylyň jemleri boýunça 43,1 million ABŞ dollaryna barabar bolup, 2024-nji ýyl bilen deňeşdirilende 17,1 göterim artdy. Bu maglumatlar 2026-njy ýylyň 3-nji martynda Duşanbe şäherinde öz işine başlanan söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparyň on dördünji mejlisinde beýan edildi.

Täjigistan Respublikasynyň Energetika we suw serişdeleri ministrliginiň habar bermegine görä, mejlis Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Sulaýmon Ziyozoda we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew tarapyndan ýolbaşçylyk edildi. Türkmen-täjik hökümetara toparyň mejlisi iki ýurduň degişli ministrlikleriniň we edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm meselelerini, hususan-da söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we geljegini, özara söwdanyň işjeňleşdirilmegini, ulag we aragatnaşyklar, energetika we suw serişdeleri, senagat we gurluşyk, oba hojalygy, bilim we ylym, saglygy goraýyş, lukmançylyk senagaty, raýat awiasiýasy, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk, ýaşlar syýasaty we sport ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, şeýle hem özara gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadynyň mundan beýläk-de giňeldilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mejlisiň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygyň geljekde hem çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler. Bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparyň on dördünji mejlisiniň Teswirnamasyna 4-nji martda gol çekmek meýilleşdirilýär.

Ýene degişli makalalar

Täjigistanyň Prezidenti Duşenbede Türkmenistanyň wise-premýerini kabul etdi
R.Meredow Duşanbede Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna gatnaşdy
Azerbaýjanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň Baştutanlarynyň sammitine gatnaşýar
Merkezi Aziýa döwletleriniň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň forumy geçirildi
Türkmenistanyň bilim ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ÝOM-larynyň rektorlarynyň forumyna gatnaşýar
Prezident: Türkmenistan Merkezi Aziýa sebitini elektrik energiýasy bilen üpjün etmäge taýyn