Täze Arkadag şäherinde ilkinji gezek Nowruz baýramy bellenilýär

Täze Arkadag şäherinde ilkinji gezek Nowruz baýramy bellenilýär

Halkara Nowruz güni özboluşly milli däp-dessurlara laýyklykda, Türkmenistanyň ähli künjeginde dürli dabaralar bilen bellenýär. Bu ýyl Milli bahar baýramy täze Arkadag şäherinde ilkinji gezek bellenýär. Bu barada Türkmenistan: Altyn asyr saýtynda habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Halkara Nowruz gününe bagyşlanan medeni maksatnamada bellenen çäreleriň biri-de Arkadag şäheriniň jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda geçirilen Ýaşyl begres düşäp jümle-jahana, bu gün gül Watana Nowruzym geldi atly baýramçylyk duşuşygy boldy.

Duşuşykda syýasy partiýalaryň we şäheriň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri çykyş edip, bu gadymy baýramyň ähmiýetini, onuň halklaryň asudalygyny, agzybirligini we abadançylygyny berkitmäge hyzmat edýän däp-dessurlaryny bellediler. Arkadag şäheriniň Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebiniň okuwçylarynyň çykyşlary bolsa baýramçylyk dabarasynyň bezegi boldy diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Arkadag şäheriniň muzeýinde Magtymguly Pyraga bagyşlanan duşuşyk geçirildi
Arkadag şäherinde mekdep okuwçylarynyň halkara matematika olimpiadasy geçirilýär
Nowruz geldi ilime
NAKGAŞLYK SUNGATYNYŇ USSATLARY
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara Gutlag iberdi
DOWAMATLYLYK—HÄZIRKI ZAMAN SUNGATYNYŇ GÜÝJI