Täze bilim taslamasy ýola goýlar

Birleşen Arap Emirliklerinde täze bilim mekdepleri dörediler.Giň gerimli bu taslamanyň bahasy 1,5 milliard dirheme (408 millon dollar) barabar.Bu barada BAE-niň wise-prezidenti we Premýer-ministri, Dubaý Emirliginiň häkimi Şeýh Muhammed Bin Raşid Al-Maktum mälim etdi.

Onuň aýtmagyna görä, bu taslama laýyklykda, mekdeplerde robot tehnikalary, emeli aň, saglygy goraýyş, daşky gurşaw boýunça barlaghanalar, şeýle hem ýörite sport desgalary ornaşdyrylar. 100 million dirhem (27 million dollar) bolsa, söwda, nebit-gaz we logistika ugurlarynda okaýan 65 müň talybyň biznesi içgin öwrenmäge we karýera mümkinçiliklerini ösdürmäge gönükdiriler diýip, Dubaý Emirliginiň häkimi belleýär.

Bu başlangyçlar ösen tehnologiýa bilen aýakdaş gitmäge, öz endiklerini häzirki zamanyň talaplary bilen uýgunlaşdyrmaga hem-de ýurduň ykdysadyýetini ösdürmäge ýardam berer.Şeýle hem ol talyplaryň kämil bilim almaklary üçin ýokary okuw mekdepleriniň maksatnamasyny döretmegi tabşyryk berdi.

BAE mekdepleri olar geljegiň okuw merkezleridir.Biziň talyplarymyz bolsa, BAE-niň geljekki eýeleridir diýip, Şeýh Muhammed Bin Raşid Al-Maktum aýtdy.

Ýene degişli makalalar

04.09.2017 | Gurban baýramy mynasybetli hormatly Prezidentimizi daşary ýurtly ýolbaşçylar gutlaýarlar
Daşary ýurtly syýasatçylar milli Liderimiziň adyna gutlaglaryny iberýärler
14.03.2018 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Abu-Dabi şäherine geldi
Berdimuhamedow BAE-ni TOPH gurluşygyna maýa ýatyrmaga çagyrdy
Türkmenistan Arap ýurtlary bilen hyzmatdaşlygyny has-da berkidýär
22.08.2018 | Türkmenistanyň Prezidentiniň adyna gutlag hatlary gelip gowuşdy