Täze diş çykarmagyň tärini oýlap tapdylar

Ýaponiýanyň Kioto we Fukui uniwersitetleriniň barlag geçirijileri täze diş çykmagyna mümkinçilik berýän dermany oýlap tapdylar. Bu ugurdaky ylmy barlaglaryň netijeleri “Science Advances” žurnalynda çap edilipdir.

Täze usul adam bedeninde USAG-1 geniniň öňüni alýan antitelalary işläp çykarmaga mümkinçilik berýär. Bu gen öz gezeginde adamlarda we süýdemdirijilerde dişleriň ösüşini çäklendirýär.

Dermany oýlap tapyjylar onuň geljek ýyldan adamlarda synag ediljekdigini hem-de 2030-njy ýyla çenli agyz boşlugynda täze dişleri ösdürmäge mümkinçilik berjekdigini ynandyrýarlar.

Ýene degişli makalalar

Ýapon alymlary adamlarda täze diş çykarmagyň usulyny oýlap tapdylar
Çekirtgeler dünýäniň azyk howpsuzlygyna howp salyp biler
Science: asmanda görünýän ýyldyzlaryň sany geljek 18 ýylda 2,5 esse azalar
Alymlar pyýada ýöremegiň peýdasy barada aýtdylar
Ummanlaryň ýylylygy ýokarlanýar
Reňkini üýtgedýän robot oýlanyp tapyldy