Täze filmde Jeýms Bonduň keşbini britaniýaly aktrisa ýerine ýetirer

Täze filmde Jeýms Bonduň keşbini britaniýaly aktrisa ýerine ýetirer

Jeýms Bond hakyndaky täze filmde Agent 007-niň roluny britaniýaly aktrisa Laşana Linç ýerine ýetirer. Bu barada “Harpers Bazaar” žurnalyna beren interwýusynda aktrisanyň özi aýtdy diýip, ru.sm.news habar berýär.

Film "Ölmegiň wagty däl" diýlip atlandyrylýar we ol indiki ýyl prokata çykar.Filmde Jeýms Bond sürgünde bolýar we onuň ýerine bir gyz çagyrylýar.Aktrisanyň özi filmde iň bolmanda bir gezek garaýagyz jemgyýete we onuň durmuşyna salgylanmagyň möhümdigini, munuň filmiň has janly çykmagy üçin ähmiýetlidigini aýtdy.

Linçiň aýtmagyna görä, filmi döredijiler munuň şeýle boljakdygyna ynandyrdylar.Aktrisa tankydy rahatlyk bilen kabul edýändigini belleýär.Sebäbi, onuň öz aýtmagyna görä, bu keşpde şeýle filmlerde özüni synap gören islendik aktrisa bolup bilerdi. "Ölmegiň wagty däl" filmi Jeýms Bond älemindäki 25-nji film bolup durýar we ol 2021-nji ýylyň aprel aýynda teatrlara çykar.

Tmcars.info bu barada ozal habar beripdi.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda oskarly filmleriň sazlarynyň konserti geçirildi
Tarelka meňzeş ýüzýän myhmanhana
Balerina meňzeş gökdirän bina gurlar
Meşhur söwda köçeleri
Meşhur söwda köçeleri
Bizi bagyşla!
Halkara söwda merkeziniň wekiliýeti Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda kabul edildi