Täze filmiň artistleri belli boldy

Awstraliýaly režissýor Jorj Miller dünýä belli “Mad Max: Fury Road” filminiň dowamyny surata düşürjekdigini ozal habar beripdi.Golaýda filmde surata düşjek artistler mälim boldy.Filmde baş keşbi Furiosanyň ýaşlygyny soňky wagtlarda şöhraty artýan Anýa Teýlor-Joý janlandyrar.

Mälim bolşy ýaly 1-nji filmde Furiosanyň keşbinde oskarly aktrisa Şarliz Teron çykyş edipdi.Täze filmde Golliwudyň belli aktýorlaryndan Kris Hemswort bilen Ýahýa Abdul-Matin II hem surata düşer.

Geljek ýyl surata düşürilip başlanjak kinonyň ssenarisini režissýoryň özi öňki filmiň ssenariçisi Niko Laturis bilen bilelikde ýazar.Filmiň haçan prokata çykaryljakdygy häzirlikçe belli däl.

Ýene degişli makalalar

Milli Liderimiziň Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi diýen kitaby arap dilinde neşir edildi
Milli Liderimiziň kitaby arap dilinde neşir edildi
Bagdatda guralan hüjüm bilen bagly derňew işi dowam edýär
Şu ýylyň garaşylýan esasy 10 filmi
SOLTAN SANJARYŇ TARYHY KEŞBI WE TÜRKMEN HALKYNYŇ PARAHATÇYLYK, HOŞNIÝETLI DOSTLUK TAGLYMATY ATLY HALKARA DÖREDIJILIK DUŞUŞYGY
Husileriň 2 Uçarmansyz Howa Ulagy Hatardan Çykaryldy