Bagdatda guralan hüjüm bilen bagly derňew işi dowam edýär

Bagdatda guralan hüjüm bilen bagly derňew işi dowam edýär

Yragyň goşuny ýurdyň paýtagty Bagdat şäherinde 21-nji ýanwarda guralan we 32 adamyň ýogalmagy bilen netijelenen kamikaze hüjümini guran 2 adamyň Yragyň raýatydygyny aýan etdi.

Yragyň Ýaragly güýçleriniň baş serkerdeliginiň metbbugat sekretary Ýahýa Resul, döwlet telewideniýesine beren interwýusynda, Bagdadyň merkezi Taýaran meýdançasynda ulanylan zatlaryň we egin-eşikleriň satylýan we girdejisi pes bolan adamlaryň gelim-gidimli ýeri bolan bazarda guralan hüjüm bilen bagly başladylan derňew işi barada beýanat berdi.

"Howpsuzlyk güýçleri guralan hüjüm bilen geçirýän derňew işleriniň çäginde ýygnalan maglumatlar, jogapkärleriň Yragyň raýatlary bolandygyny görkezýär" diýip bellän Resul, sosial mediada kamikaze hüjümçileriň biriniň Saud Arabystanyň raýaty bolandygyny görkezýän suratyň paýlaşylandygyny, emma ol adamyň ozal ýurtdaky başga bir hüjümde üstündäki bombany partladyp ölendigini habar berdi.

Ýurdyň paýtagty Bagdat şäherinde 21-nji ýanwarda bazarda guralan hüjümde 32 adam ýogalypdy, 110 adam ýaralanypdy.

Hüjümiň jogapkärçiligini terror guramasy DAIŞ öz üstünde alypdy.

Ýene degişli makalalar

Fuzuli türki edebiýatynyň esasy wekillerinden biri
Mahmyt Kaşgarynyň ömrü we dörejiligi
Milli Goranmak Ministri Güler, Yraga Gitdi
“Yragyň we Türkiýäniň Howpsuzlygy Biri-Biri Bilen Arabaglanşykly
Terror Guramasy PKK Biziň Üçün we Resmi Bagdat Üçin Uly Dert
Türkiýeden Yraga Möhüm Sapar Guralar
Hakan Fidan Yrak Türkmen frondynyň başlygy Hasan Turan Bilen Duşuşdy